“Barselonanyň” 25-nji, “Seltigiň” 49-njy çempionlygy

Ispaniýanyň çempionatynda 35-nji tapgyrda myhmançylykda “Deportiwony” 42 ýeňmegi başaran “Barselona” 25-nji çempionlygyny yglan etdi.Ilki Koutinio we Messiniň gollary bilen 20 öňe saýlanan myhmanlara Peres hem-de Çolak jogap berdi.

Oýnuň 8285-nji minutlarynda Lionel Messi ýene-de 2 pökgi geçirip, toparyna çempionlygy gazandyrdy.Bu ýylky 4-nji het-trigini eden Messi çempionatdaky gollarynyň sanyny 32-ä ýetirdi.

Ol “La Ligada” 7 möwsümde 30-dan köp gol geçiren ilkinji oýunçy diýen ady eýeledi. Şunlukda, “Barselona” topary soňky 10 ýylda 7-nji,umumylykda-da 25-nji gezek “La Liganyň” çempiony bolmagy başardy.Klarens Seedorfyň tälimçiligindäki “Deportiwo” kluby 4 ýyldan soň, “Malagadyr” “Las Palmasdan” soň, “La Liga” bilen hoşlaşan 3-nji topar boldy.Şotlandiýanyň çempionatynda “Old Film” derbisinde ezeli bäsdeşi “Reýnjersi” 50 (Eduard 14, 41, Forrest 45, Rojik 46, MakGregor 53) hasabynda ýeňen “Seltik” bassyr 7-nji, umumylykda-da 49-njy çempionlygyny gazandy. Şotlandiýada iň köp çempion bolan topar “Reýnjers” bolup, olar 54 gezek bu hormatly ady eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
ÝHHG tarapyndan Aşgabatda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw geçirilýär
Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl
Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi
Türkmenistan we ÝHHG-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR