Ispaniýanyň Şa Kubogynda ilkinji finalçy “Barselona” boldy.Birinji duşuşykda 2-0 utulan “Barselona” öz meýdançasynda “Sewilýany” kynlyk bilenem bolsa, 3-0 hasabynda ýeňmegi başardy. 12-nji minutda Dembeleniň goly bilen öňe saýlana “Barselonanyň” derwezeçisi 73-nji minutda Okamposyň penalti urgusyny sowmagyň hötdesinden geldi.
Hüjümlerini ýygjamlaşdyran Barselona 90+4-nji minutda iki oýnuň netijesi boýunça hasaby deňlemegi başardy.Bu goly Žerar Pike öz adyna ýazdyrdy. 90+2-nji minutda 1 oýunçy (Fernande Reges) kem galan “Sewilýa” goşmaça wagtda 10 oýunçy bolup oýnady. 95-nji minutda-da Breýtwaýt 3-nji goly andalusiýalylaryň derwezesinden girizdi.
Bu oýundaky soňky gol boldy we “Barselona” 2 oýnuň netijesi boýunça 3-2 öňe saýlanyp finalda oýnamaga hukuk gazandy.Soňky 10 ýylda 9-njy, umumylykda-da 41-nji gezek finala çykan “Barselona” Ispaniýanyň Şa Kubogyny iň köp eýelän topardyr (30). “Barselonanyň” finaldaky garşydaşy şu gijeki “Lewante”“Atletik Bilbao” duşuşygyndan soň belli bolar.
Bilbaoda oýnalan birinji oýun 1-1 deňlikde tamamlanypdy.
The post “Barselona” soňky demde finala çykdy appeared first on Zaman Türkmenistan.