
Barselona Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarymfinalynda Osasunadan üstün çykdy. Er-Riýad şäherinde geçirilen duşuşyk Hawi Ernandesiň şägirtleriniň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykdaky gollary Robert Lewondowskiý bilen Lamin Ýamal geçirdi. Polşaly hüjümçi 59-njy minutda tapawutlanan bolsa, ispaniýaly ýarymgoragçy jemleýji sözi goşmaça wagtyň 3-nji minudynda sözledi.
Naýbaşy kubogyň eýesini kesgitlejek duşuşyk 14-nji ýanwar güni geçiriler. Şol gün ýarymfinalda Atletikony 5:3 hasabynda ýeňen Real Barselonanyň garşydaşy bolar.
Bu kubogy 15 gezek gazanan Barselona Ispaniýanyň rekordynyň eýesi. Real bolsa taryhynda 12 gezek Naýbaşy kubokly bolup gördi. Geçen ýylky finalda Barselona Realy 3:1 hasabynda ýeňipdi.