Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, soňky döwürde Kosowa bilen başdan geçirlen dartgynlyga sebäp bolan barrikadalaryň şu gün ortadan aýryljakdygyny habar berdi.
Serbiýanyň Kosowa serhedinde ýerleşýän Raşka harby merkezinde kosowaly serpler bilen duşuşan Wuçiç duşuşyk hakynda metbugata beýannama berdi.
Wuçiç “Kosowaly serplerden barrikadalaryň aýrylmagyny haýyş etim. Parahatçylygyň we durnuklylygyň dowam etmegini isledim. Olary diňledim. Wadalarynda durjakdyklaryna ynanýaryn” diýdi.
Wuçiç, kosowaly serpleriň arasynda ynamsyzlygyň dowam edýändigini nygtap, “Penşenbe güni günorta wagtyna çenli barrikadalar ortadan aýrylar. Bu iş belki 24, belkide 48 sagat dowam edip biler, emma barrikadalar ortadan aýrylar” diýdi.
Kosowaly serpleriň barrikadalaryň aýrylmagyndan soň saklanmagy ähtimallygy barada hem durup geçen Wuçiç, “Şeýle bolan halatynda barrikadalar asla ortadan aýrylmaz” diýdi.