Barlag: Türkmenistanyň ýaşaýjylary tebigy serişdeleriň eksport edilmeginden hiç bir peýda görmeýär

Garaşsyz, kommersiýa bähbitlerini yzarlamaýan gurama, tebigy serişdeleriň dolandyrylyşyny öwrenýän institut (Natural Resource Government Institute) 2017-nji ýylda serişdeleriň dolandyrylyş indeksini çap etdi.

Indeksde ýurtlara 89 derejede baha berilýär, bu bahalar 149 sany esasy sorag netijesinde, olara 150 sany barlagçynyň onlarça müň tassyklaýjy dokument bilen jogap bermeginde çykarylýar.

Türkmenistan mümkin bolan 100 balldan 11 ball alypdyr we sanawda iň yzdaky orundan öňki orny eýeläp, 88-nji bolupdyr. Ertitreýadaky ýagdaýlar Türkmenistandakydan hem ýaramaz, bu ýurt 89-njy, iň soňky orny alypdyr.

“Фергана”habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan we ýene 9 ýurt 30 baldan hem az alyp, “örän erbet” diýen kategoriýa girizildi: bularda gazylyp alynýan baýlyklardan ilata peýda gelmegini üpjün edýän esas hakykatda ýok diýerlik, muňa derek gelýän peýdanyň bir topar kompaniýanyň we döwlet elitasynyň elinde galmagyna ýol açýan uly ähtimallyk bar.

Tebigy resurslara baý bolan ýurtlaryň köpüsinde tebigy serişdeleri satmakdan alnan ägirt uly pullar bilen garyplygyň arasyndaky kontrast örän uly, bu indekse girizilen onlarça ýurduň 1,8 milliardan gowrak adamy garyplykda ýaşaýar.

Empiriki maglumatlar bu agyr ýagdaýy üýtgetmek üçin dolandyryş sistemasyny kämilleşdirmegiň zerurdygyny açyk-aýdyň görkezýär, ýagny gazyp alyjy kompaniýalaryň we häkimiýet wekilleriniň kabul edýän kararalarynyň graždan ilata, olaryň ýaşaýan ýerli ýagdaýlaryna ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin institual, syýasy we praktiki şertleri üýtgetmeli diýip, barlag netijelerinde aýdylýar.

Bu dokumenti dolulygyna, metodologiýa düşünidirşi we alnan netijeler bilen şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Sarp Ediji Ynam Indeksi Artdy
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär
Senagat Önümçilik Indeksi 8,9 Göterim Artdy
Dünýäde azyk önümleriniň bahalary rekord derejesine galýar
"Horasanyň yslam döwleti": olar aýratyn näme görkezýärler we näme gazanýarlar?
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy