Çehiýaly tennisçi Barbora Kreýçikowa Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ("Roland Garros") çempiony boldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.
Kreýçikowa final duşuşygynda Russiýanyň wekili Anastasiýa Pawlýuçenkowa bilen güýç synanyşdy.Jemi 1 sagat 58 minut dowam eden duşuşyk 6:1, 2:6, 6:4 hasabynda çeh sportçusynyň peýdasyna tamamlandy.
Duşuşygyň dowamynda - ikinji setde hasap 5:2 mahaly Pawlýuçenkowanyň lukmançylyk arakesmesini alandygyny bellemelidiris.Kreýçikowa karýerasynda ilkinji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalynda oýnady.Ondan öň tennisçi WTA-nyň howandarlygyndaky ýaryşda bir gezek ýeňiji bolupdy. Ýene bir bellemeli zat, Kreýçikowa Fransiýanyň Açyk çempionatynda ýeňiji bolan ilkinji çeh tennisçisi boldy.