Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi gaýtadan ýitileşýär.Mary şäherindäki we welaýatyň obalaryndaky bankomatlarda nagt pul azlygy sebäpli, köp ýaşaýjy özleriniň bank kartlaryndaky zähmet, talyp we pensiýa haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýär.
Bu ýagdaý, howanyň temperaturasy 45 gradusdan aşýan şu günlerde, nobatda birnäçe sagat garaşmaly bolýan pensionerleri has-da köseýär.Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.
"Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän "Türkmenistan" we "Daýhan" banklarynyň bankomatlaryndan diňe aýlyklary nagtlaşdyryp bolýar. Şäher ýaşaýjylary kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak üçin ýörite talon almaly bolýarlar. Talony almak üçin hem nobata durmaly. Talonda bellenen senede aýlygyňy nagtlaşdyryp bilmeseň, onda täzeden ýene talon almaly. Öňki alan talonuň köýýär" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran şäher ýaşaýjysy 28-nji iýunda gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, bankomatlaryň öňünde 20 adamdan köp adamyň durmagyna rugsat berilmeýär. Bankomatlara gözegçilik edýän ýörite polisiýa işgärleri adamlaryň ellerindäki talonlary we pasportlary barlap, olary bankomadyň ýerleşýän ýerine geçirýärler.
"Eger bankomadyň öňünde nobata duran adamlaryň sany köpelip başlasa, polisiýa işgärleri bankomatda puluň gutarandygyny aýdyp, adamlary dargadyp başlaýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.
Howanyň temperaturasy 45 gradusdan aşýan şu günlerde aýlyk ýa-da pensiýa haklaryny, döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmaga barýanlaryň arasynda saglygy ýaramazlaşýan adamlara hem köp duş gelse bolýar.
"Şu günler gyzgyn howa sag adamy hem köseýär. Käbir pensionerler pensiýalaryny nagtlaşdyrmak üçin birnäçe sagat yssyda garaşmaly bolýarlar. Saglygy ýaramazlaşýan garrylar alan pensiýa haklaryny däri-dermana sarp edýärler. Saglygy ýaramazlaşyp, keselhana ýerleşdirilýän adamlar hem bar. Pensionerlere ýeňillik döredilse gowy bolardy" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Şu günler Türkmenistanda anomal yssy howa şertleri dowam edýär. Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiriniň 26-njy iýunda beren habaryna görä, Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy 48 gradusa ýetýär. Accuweather neşiriniň maglumatynda 28-29-njy iýunda Mary welaýatynda howanyň temperaturasynyň 46 gradusa deňdigi görkezilýär.
Habarçymyz ýaşaýjylaryň öz aýlyklaryny jokrama yssyda nobata durup talon alman hem nagtlaşdyryp bilýändigini habar berýär. Ýöne munuň üçin olar, habarçymyzyň sözlerine görä, bank işgärlerine, her 800 manat nagtlaşdyrylandygy üçin, 40 manat para bermeli bolýarlar.
"Bankomatlara gözegçilik edýän polisiýa işgärleri hem ilatyň kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp berip, bikanun gazanç edýärler. Olar her kartdan pul çekeni üçin 50 manat para alýarlar. Para berseň, oba ýaşaýjysy bolsaň-da, şäher banklaryndan pul nagtlaşdyryp bolýar" diýip, maryly oba ýaşaýjylarynyň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Maryda şäher bankomatlaryndan oba ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyrmagyna rugsat berilmezligi bilen bagly çäklendirmeler-de indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.
Habarçymyz obalarda ýagdaýyň has-da kyndygyny aýdyp, tutuş uly bir obada diňe bir bankomadyň bardygyny we oňa hepdede bir gezek pul salynýandygyny aýdýar. Oba ýaşaýjylary bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin daňdan salkynda, sagat 5-de nobata durup başlaýarlar.
"Irden sagat 10-dan soň pul berlip başlanýar. Howa gaty yssy. Adamlar gaty kösenýär. Käbir hepdelerde bankomatlara pul düýbünden salynmaýar. Ençeme sagatlap nobata duran adamlar jokrama yssyda elleri pulsuz öýlerine gaýdýarlar" diýip, oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalaryny raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Raýatlar kartlaryndaky pullary diňe bankomatlarda nagtlaşdyryp bilýärler. Häkimiýetler munuň sanly maliýe ulgamlaryny ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen amal edilýändigini aýdýarlar.
Şeýle-de, döwlet metbugaty söwda nokatlarynda hem töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny öňe sürýär. Ýöne Azatlygyň habarçylary söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigi bilen birlikde, hususyýetçileriň käbir harytlar üçin tölegi diňe nagt görnüşinde kabul edýändiklerini belleýärler.
"Hususy dükanlarda we dermanhanalarda kartdan söwda edeniňde 8-10% tutum hem alnyp galynýar. Bu bolsa, aýlygyň esassyz kemelmegine eltýär" diýip, maryly ýaşaýjy sözüni jemledi.
Türkmenistanyň hökümeti ilatyň maliýe-ykdysady kynçylyklaryny, şol sanda pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kösençliklerini boýun almaýar. Azatlygyň bu barada degişli häkimiýetlerden kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.