Banklaryň raýatlara kredit bermekden ýüz öwürýän pursatlary köpelýär

Banklaryň raýatlara kredit bermekden ýüz öwürýän pursatlary köpelýär

Türkmenistanyň banklarynda raýatlaryň kredit almak mümkinçilikleri azalýar. Täjirçilik banklarynda raýatlaryň karz pul sorap edýän ýüzlenmeleri köplenç kanagatlandyrylmaýar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, şeýle ýagdaýlar Aşgabatda we Balkanda köpelipdir.

Täjirçilik banklaryň karz bölüminiň ýolbaşçylary kredit almak üçin ýüz tutýan raýatlaryň arzalaryny ret edýärler diýip, Aşgabatdaky habarçymyz bank pudagyndaky çeşmelere salgylanyp, 24-nji iýulda habar berdi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, sebäpleriň biri müşderileriň banklardan alan karzyny üzmek boýunça borçlaryny berjaý edip bilmezligine degişli ýagdaýlaryň köpelmegi bilen bagly.

"Karzyny üzüp bilmän, goşmaça karz alýan we başdaky alan puluny üzüp, goşmaça karz borjuny artdyrýan raýatlaryň sany köpelýär" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Bank pudagyndaky işgärleriň anonim gürrüň bermegine görä, kredit alyp, karzyny talaba laýyk üzüp bilmedik raýatlaryň sanawy ýöredilýär. Bu sanawyň göwrümi artýar we şu sebäpden kredit almadyk we öň alan karzyny wagtynda üzen raýatlara hem indi kredit bermekden ýüz öwrülýär.

"Ilatyň köpçülikleýin karza girip we soňy bilen karzyny üzüp bilmezden, beýleki täjirçilik banklaryna ýuz tutýan ýagdaýlary köpelýär. Merkezi Bank tarapyndan ýöredilýän karzyny üzmäge ukypsyz raýatlaryň sanawyna goşulýanlaryň sany hem köpelip barýar. Şonuň bilen baglylykda karz almak üçin ýüzlenýän raýatlaryň ret edilýän arzalarynyň sany artýar" diýip, bank bilermeni aýdýar.

Bu ýagdaý hökümet tarapyndan boýun alynmaýan sosial-ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda ýüze çykdy. Resmi derejede boýun alynmaýan ykdysady problemalaryň uzaga çekmegi ilatyň durmuş derejesiniň peselmegine maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşmagyna sebäp bolýar.

Bu aralykda öý hojalyk tehnikasy we mobil telefonlar ýaly harytlary kredit üsti bilen satyn almak hem kynlaşdy.

Balkan welaýatyndaky habarçymyzyň sözlerine görä, şeýle harytlary kredite satyn almak düzgüni birnäçe aý bäri ýola goýuldy, emma zerur zatlary ýarym ýyl ýa-da bir ýyl möhlet bilen satyn almak isleýän alyjylardan edilýän talap artypdyr.

"Düýbi Aşgabatda ýerleşen dükanlar öý hojalyk tehnikalaryny 6 aý, 12 aý we 32 aý garaşaryna adamlara hödürleýär. Kredite sowadyjy, kondisioner, telewizorlar, kir ýuwujy maşynlar, tozan sorujylar we mobil telefonlar ýaly harytlary ummasyz göterim we giden resminamalar bilen alyp bolýar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Kredit görnüşinde hödürlenýän harytlaryň bahasynyň onuň öz nyrhyndan esli gymmada düşýändigine garamazdan, alyjy tapylýar.

Balkanabatly ýaşaýjy mobil telefon satyn aljak bolandygyny gürrüň berdi. Ol puluny 12 aýda bölüp tölemek şerti bilen harydy satyn almak üçin özünden ençeme resminama getirip, birnäçe kagyzlary doldurmagyň talap edilendigini we harydynyň doly bahasynyň diňe şondan soň aýdylandygyny gürrüň berdi. Onuň satyn almakçy bolan 21 müň manatlyk telefony soňunda 35 müň manada düşüpdir.

"Meniň resminamalarym taýýar bolansoň öz bahasy 21 müň manatlyk telefonuň bahasyna ýyllyk göterimler goşulansoň 35 müň manat boldy. Men bu görnüşde telefon satyn almakdan el çekdim" diýip, balkanabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Kredite telefon satyn almak üçin soralýan ilkinji resminama alyjynyň işleýän ýerinden bolmaly. Onda aýlygyň möçberi we iş kitapçasyndan ýazgylar görkezilmeli.

"Soňky 5 ýylda bir edarada işleýändigini tassyklaýan kepilnama we zähmet depderçesiniň original nusgasy bolmaly. Ýene bir resminama aýlyk üçin plastik kartyň haýsy banka degişli bolsa, şondan soňky bir ýylda geçirilen puluň möçberi we bank kartyna degişli beýleki maglumatlar talap edilýär" diýip, balkanabatly gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, haryt satyn almak isleýän potensial alyjydan soralýan resminamar munuň bilen tamamlanmaýar. Şeýle-de maşgala agzalary hakynda öý dolandyryş edarasyndan kagyz, nika haty, ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda hat talap edilýär. Käbir ýagdaýda alyjynyň alan harydynyň puluny tölejegini kepil geçýän bir raýatyň notarius üsti bilen resmileşdiren razylyk haty hem gerek bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Banklaryň raýatlara kredit bermekden ýüz öwürýän pursatlary köpelýär
Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”
Teke bazarda et satylanda ýakalaşyk boldy
Bir raýatyň müň raýatlyk Wi-Fi’ kyssasy
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Synag uçuşyny tamamlady