12-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy, olar ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bouygues Batiment International meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Türkmenbaşy döwlet täjirçilik banky hem-de Senagat paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy banklarydyr.Dürli ýaşdaky raýatlar üçin Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň Pensiýa, Ruhubelent nesiller, Watan gerçekleri, Möhletli, Zenan kalby hem-de Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň Täze manat täze durmuş, Çagalara niýetlenen maksatly goýum, Ene-atalar hakynda alada, Halkyň saglygy Watan baýlygy, Çagalar biziň geljegimiz, Bähbitli goýumlaryny nagt we nagt däl goýumlaryň mysaly hökmünde belläp bolar.
Türkmenbaşy döwlet täjirçilik banky
Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň binasynyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr.Edaralaryň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär.
Köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary hem zerur enjamlar bilen üpjün edildi.Täze binada gymmatlyklary ygtybarly saklamak düzgünlerini we şol bir wagtda müşderilere hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin hemme şertler göz öňünde tutuldy.
Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.
Häzir Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23 şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Senagat paýdarlar täjirçilik banky
Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň umumy meýdany 16 müň inedördül metrden gowrak bolup, beýikligi 76,5 metre, ini 35,5 metre barabardyr. A toplumda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. 1-nji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2-11-nji gatlarda iş otaglary bar. Binanyň ýokarky gatlarynda bankyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary ýerleşýär.
Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzda bina edilýän häzirki zaman desgalarynyň ählisinde bolşy ýaly, bank edarasynda işgärler üçin amatly, doly kompýuterleşdirilen otaglary goşmak bilen, ähli şertler döredildi.
B toplumda ikinji gatda amallar zaly, müşderiler bilen işlemek üçin otaglar, kassalar ýerleşýär. Şeýle-de, bu ýerde gazna, naharhana, gulluk ulaglary üçin duralga bar. Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň 13 şahamçasy hem-de bir bank gullugy işjeň hereket edýär.
Bank ilkinjileriň biri bolup, kiçi we orta telekeçilige maliýe goldawyny berip başlady. Bankyň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, bilelikdäki kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri peýdalanýarlar. Mundan başga-da, bank ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak boýunça işleri geçirýär. Senagat paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat gazna biržasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň biridir.
Häzirki wagtda bank ilatyň isleglerini we tekliplerini nazara almak bilen, dürli şertleri bolan goýumlaryň 9 görnüşini hödürleýär.
The post Bank ulgamynyň täze desgalary appeared first on Zaman Türkmenistan.