Birleşen Milletler Guramasynyň şeýle-de Türkmenistanyň bilelikdäki bilermenler toparynyň durnukly ösüş ýörelgeleriniň bank pudagyna girizilişini öwrenmek boýunça üçünji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.
Toparyň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Merkezi bankyň we Daşary ykdysady gatnaşyklar bankynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň topary girdi.
Toparyň agzalary halkara tejribäni öwrendiler we bank pudagynda durnuklylyk ýörelgelerini öňe sürmegiň täze ýollary barada pikir alyşdylar.
Mejlise gatnaşýanlara Durnukly ösüşi üpjün etmegiň ähmiýeti barada maglumat berip, UNEP-iň Maliýe başlangyjynyň durnukly ösüş boýunça hünärmeni jogapkär bank işiniň ýörelgelerini hödürledi. Ol 2030-njy ýyla çenli döwürde
Günüň tertibine we Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin, ähli gyzyklanýan taraplaryň, şol sanda ykdysadyýetiň bank pudagynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri hem mejlisiň dowamynda şu ugurda häzire çenli gazanylan üstünlikleri nygtamak bilen, bank pudagynda durnuklylygy ýokarlandyrmak baradaky garaýyşlaryny mälim etdiler.