Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ykdysady ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň iş tejribesini we täzeçil usullaryny ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini artdyrmak, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň we Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly bank amallarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar, hili has-da ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgamda Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda, Halkbank terminal, Galtaşyksyz töleg, VISA Virtual, Menzilara bank, Sanly kart, Sanly karz ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.
Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Ýuridiki tarap bolan müşderilerine we telekeçilere internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmelerini almak we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, ykjam töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda bank töleglerini ýerine ýetirmek, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýleki bir karta pul serişdelerini geçirmek ýaly birnäçe hyzmatlar ornaşdyryldy.
Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky fiziki şahslara internet ulgamynyň üsti bilen halkara VISA we MasterCard bank kart hasaplaryny doldurmaga, daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we umumy ýaşaýyş-jaý töleglerini hem-de fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi üçin töleglerini onlaýn görnüşinde tölemäge mümkinçilik berýän Menzilara bank ulgamy işe girizildi.
Hyzmata laýyklykda raýatlarymyz alyş-çalyş amalyny onlaýn görnüşinde amala aşyrmak üçin bir gezeklik banka gelip, tölege degişli resminamalaryň asyl nusgalaryny barladyp daşary ýurt pulunda goýum hasaplaryny açmaly, şeýle hem ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly.
Tölegi onlaýn görnüşinde amala aşyrmak üçin bank tarapyndan ulanyjy açylandan soň, müşderi bankyň resmi internet sahypasynyň Onlaýn töleg geçirmek bölümine girýär, penjirede açylan meýdançalary talap edilen görnüşinde doldurýar hem-de tölege degişli resminamalaryny ýükleýär.
Fiziki şahslar resminamalarynyň möhleti tamamlanýança ýa-da resminamalar çalşylýança onlaýn töleginiň bu hyzmatyndan peýdalanyp bilýärler.
Müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmak, internetiň üsti bilen tölegleri geçirmek, bank kartlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de tölegleri geçirmek bilen bagly töwekgelçilikleri peseltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan VISA Virtual atly bank karty ulanyşa girizdi.
VISA Virtual halkara bank kartynyň hasaby diňe daşary ýurt pulunda açylyp, ol erkin aýlanýan puluň çäklerinde serişdeleriň gelip çykyşyny talap etmezden, fiziki şahsyň daşary ýurt pulundaky serişdeleriniň hasabyna nagt görnüşinde we gelip çykyşy diňe öz serişdeleri bolan nagt däl görnüşinde doldurylýar.
Bankyň öz içerki serişde dolanyşygyny, bank amallaryny hem beýleki banklar bilen deň depginde alyp barmagy, şunuň bilen birlikde, bank tarapyndan dünýäniň ykdysady ulgamy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde täzeçil ýörelgeleriň girizilmegi onuň tejribesiniň hemmetaraplaýyn häsiýete eýedigine güwä geçýär.
Raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halkbank paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki şahslar üçin Sanly karz ulgamy ornaşdyryldy.Raýatlarymyz Türkmenistanyň Halkbank paýdarlar täjirçilik bankynyň resmi internet sahypasynyň üsti bilen hödürlenilýän Sanly karz mobil goşundyny öz ykjam telefonlaryna ýüklemek arkaly banka barmazdan onlaýn görnüşinde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmaga, onuň ýagdaýyny bilmegä, her bir müşderiniň öz karz taryhyny özbaşdak barlamaga, bank tarapyndan karz almak üçin talap edilýän kagyz görnüşindäki resminamalary aradan aýyrmaga, alyp boljak karzyň möçberini, awtomatiki görnüşinde kesgitlemäge, karzy ätiýaçlandyrmak maksady bilen, karz alýan müşderini ätiýaçlandyryş kärhanasy bilen baglamaga amatly mümkinçilik döredýär.
Sanly karz hyzmatynyň ykjam goşundysy şu ýylyň iýul aýynda işe girizilendigine garamazdan, eýýäm 2024-nji ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna 2517 sany müşderi ýüzlenip, 1258,8 müň manat möçberinde karz serişdeleri resmileşdirildi. Häzirki wagtda bu hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.
Hödürlenilýän sanly bank hyzmatlary nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, karz edaralarynda nobatlaryň azalmagyna, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine, karz edaralaryň we müşderileriniň wagtynyň we sarp ediş önümleriniň (kagyz, kartrij, ýol harajatlar) tygşytlanylmagyna ýardam berýär.
Sanly ulgamda Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar.Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge, netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň 2018-2023-nji ýyllardaky ösüş depginini indiki şekilde görmek bolýar.
Ýokardaky şekilde hem görkezilişi ýaly, Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar.
Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň dowamynda Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi degişlilikde 1443,6 müň we 12137,7 müň manatdan geçdi, bu bolsa hyzmatlaryň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan müşderileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär.
Gürrüňi edilýän şu geçen aýlaryň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, Internet-bank, Mobil-bank we Elektron söwda ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 12,7 milliard manada ýetdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji oktýabr aýyndaky Pul we alyş-çalyş amallarynyň meseleleri hakyndaky Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we olaryň tabynlygyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny we beýleki töleglerini bank kartlarynyň üsti bilen bermeklik ýola goýuldy.
Ornaşdyrylan döwrebap bank hyzmatlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri 2013-nji ýylda 4,2 mln.manat bolan bolsa 2023-nji ýylda bu görkezijiler 17372,7 mln.manatdan geçdi.
2013-2023-nji ýyllarda ýurdumyzda geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň ösüş depginini şu aşakdaky şekilde hem görmek bolýar.
Bank hyzmatlaryny hödürlemek üçin zerur bolan tehniki üpjünçiligi we onuň goraglylygy boýunça aýdylanda bolsa, bankara tor enjamlaryny kämilleşdirmek onuň üsti bilen hödürlenýän hyzmatlarynyň sanyny we görnüşlerini köpeltmek, bank ulgamynda sanly maglumat tehnologiýalaryny işjeň ulanmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak we beýleki ugurlar boýunça zerur bolan programma üpjünçiliklerini satyn almak we ulgama giňden ornaşdyrmak, bankyň zerurlyklary üçin täze serwer enjamlary we disk massiwleri gurnamak, bankara tor enjamlaryny satyn almak ýaly işler bilen bilelikde bu ugurda hünärmenleri okuw-tejribeligini kämilleşdirmek boýunça üznüksiz işler alnyp barylýar.
Geçirilýän bu işleriň ählisi banklaryň müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna, sarp edilýän wagty we harajatlary tygşytlamaga, amallary öz wagtynda geçirmäge, ýurtda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, netije-de ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Dünýägözel Haýytowa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni
Türkmenistan gazeti, 11.09.2024