Bank of America-nyň teswirinden soň bitkoiniň bahasy 50 müň dollardan geçdi

Bank of America-nyň teswirinden soň bitkoiniň bahasy 50 müň dollardan geçdi

Bank of America Corp.-yň strategleri kripto walýutany aktiwleriň täze görnüşi hökmünde goldanlaryndan soň bitkoiniň bahasy 50 müň dollardan hem gymmatlady. Bu barada profinance.ru habar berdi.

Iň soňky üýtgeşmeleriň netijesinde bahalar sentýabryň başyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Mundan öňki bahanyň ýokary derejesi kripto walýutanyň Salwadorda kanuny töleg hökmünde kabul edilmegi bilen baglanyşyklydy. Bitkoin Nýu-Ýorkuň söwdasynyň başynda 2,5% gymmatlady we 50,307 dollara ýetdi.

"Sanly aktiwler älemi "kembaha garardan juda uludyr". Biz skeptikleriň garaşyşyndan has köp mümkinçilikleriň bolup biljekdigine ynanýarys" diýip, strategler Alkeş Şah we Jessika Reýf Erlih ýazýarlar.

Bank of America-nyň pikiriçe, häzirki ýagdaýlar uzagyndan kripto walýutalar üçin bähbide bolup biler. Strategleriň ýazyşy ýaly, anyk düzgünler güýje girensoň, kripto walýutalara nädip maýa goýmalydygy baradaky näbellilik aradan aýrylar diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Konstitusiýadaky kanundan başlap, doly gadagançylyga çenli. Dünýäde aborta bolan mümkinçilikde nämeler ýüze çykýar?
Serdar Berdimuhamedow Baýdene ABŞ-nyň mekdebindäki pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi
ABŞ-da mekdebe guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy
ABŞ-da mekdebe guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy
11-nji maýdan başlap Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň jerimesi artdyryldy, ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüjilere we pyýadalara jerime tölegleriniň möçberi ýokarlandyryldy, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkezi gaýtadan
“Latyn Amerika Ýurtlary Bilen Edilýän Gatnaşyklara Uly Ähmiýet Berýäris”
“Bitcoin” töleg serişdesi kabul edildi