Bank kartyny döreder

Elektron enjamlary öndürmegi bilen tanalýan Apple” kompaniýasy 2014-nji ýylda “Apple Pay” atly töleg ulgamyny güýje girizmegi bilen bank-maliýe pudagyna hem goşulypdy.Indi bolsa, kompaniýa iri maýa goýum banky “Goldman Sachs” bilen täze bank kartyny döretmegi maksat edinýär.

Bu kartyň iň esasy aýratynlygy “Apple Wallet” (elektron gapjyk) applikasiýasy bilen sazlaşykly işlemegidir.Bu hyzmat arkaly ulanyjylar bank hasaplaryny dolandyrmaga mümkinçilik alarlar.Bu şertnama “Apple Pay” hyzmaty arkaly has köp girdeji getirer.

Hünärmenler soňky wagtlarda “Apple”-iň girdejileriniň azalýandygy sebäpli beýleki ugurlara ýönelip başlandygyny belleýärler.Amerikan brendi mundan başga-da, wideo we habar hyzmatlaryny hem ýola goýar.Täzelikleri hödürleýän hyzmatyň şu aýyň dowamynda ulanyşa giriziljekdigi aýdylýar.Tehnologiýa şereketleri bank hyzmatlaryny hödürleýär“Bain & Company” maslahat beriş şereketiniň maglumatlaryna görä, tehnologiýa kompaniýalary täze bank hyzmatlaryny ýola goýýarlar. Öz müşderilerini ýitirmek islemeýän banklaryň bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy hem artýar. “Google”, “Amazon”, “Facebook”, “Samsung” we “Apple” ýaly ägirt uly kompaniýalaryň täze hyzmatlaryna müşderileriň gyzyklanmasy örän ýokary.

Maslahat beriş kompaniýasynyň 29 ýurtda 152 müň bank müşderisi bilen geçiren sowalnamasyna gatnaşanlaryň 54 göterimi tehnologiýa şereketleriniň maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmaga isleg bildirýändiklerini aýdypdyr. Ýeri gelende aýtsak, müşderilere bölek söwda töleglerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän “Apple Pay” 35 ýurtda, “Samsung Pay” 24 ýurtda we “Google Pay” 29 ýurtda hereket edýär.

Ýene degişli makalalar

Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi
Galtaşyksyz töleg tehnologiýasy
Elektron gapjygyny kämilleşdirýär
“Wero” töleg hyzmaty işe giriziler
25-nji maýda ilkinji bolup doglan oglana türkmen paýtagtynyň ady dakylar
Ilon Mask baýrak berer