Bangladeşde sil joşgunlary 1,1 million tonna tüwi ýitgi getirdi

Bangladeşde sil joşgunlary 1,1 million tonna tüwi ýitgi getirdi

Bangladeşde suw joşgunlary hem-de süýşgünleri 1,1 mln tonna tüwi hasylynyň ýitgisine sebäp boldy. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrligine salgylanýan Belta.by ýazýar.

Ýagdaý bilen baglylykda, Hökümet 500 müň tonna tüwini daşary ýurtlardan satyn almagy meýilleşdirýär. Şeýle hem hususy pudaga tüwiniň importyna rugsat berilmegi ýitgileri ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Tebigy betbagtçylyk gök-bakja önümlerini goşmak bilen, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem hasylyna çynlakaý zyýan ýetirdi. Sil joşmalaryndan çekilen umumy ýitgi 380 mln dollar bahalanýar.

Bangladeş dünýäde tüwini iň köp öndüriji ýurtlaryň biri bolmak bilen, her ýyl öz ilatyny eklemek üçin 40 mln tonna tüwi öndürýär. Emma tebigy betbagtçylyklar yzygiderli önümçiligi bozýar hem-de importa garaşlylygy ýokarlandyrýar.

Güýçli musson ýagynlary we çabgalar netijesinde döreýän sil joşmalary awgust-oktýabr aýlarynda iki güýçli tapgyr bolup, gündogar hem-de demirgazyk sebitlerde millionlarça adamyň durmuşyna täsir etdi, 75 adamyň ömür tanapyny üzdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hytaýda çabgadan 1,15 million töweregi adam ejir çekdi
Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy