Bangladeşde sil apatlary sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Bangladeşde sil apatlary sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Dhaka Tribune gazedi tarapyndan berilen habara görä, Bangladeşiň Tebigy apatlar we ýardam ministrliginden sil apaty bilen bagly beýannama berildi.

Beýannamada ýurduň 11 aýry sebitinde başdan geçirilen sil apatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 67 adama ýetendigi mälim edildi.

Sil apatlary sebäpli 600 müňden gowrak adamyň kyn ýagdaýdadygy bellenen beýanatda, siller sebäpli 11 sebitde 5 milliondan gowrak adama zeper ýetendigi habar berildi.

Ministrlik 29-njy awgustda sil apatlarynyň başdan geçirilýän sebitlerde takmynan 600 saglygy goraýyş işgäriniň iş alyp barýandygyny belläp, apatlar sebäpli 500 müňden gowrak adamyň sebitdäki 3 müň 403 wagtlaýyn çadyr düşelgelere ýerleşdirilendigini aýap edipdi.

Ýene degişli makalalar

Nobel Parahatçylyk Baýragynyň Eýesi Muhammed Ýunus, Bangladeşiň Wagtlaýyn Premýer-ministri Boldy
Fransiýa Ukraina ulanylan sowutly ulaglary ugradar
Aşgabadyň TOPH arkaly satjak gazynyň nyrh dawasy güýçlenýär
Prezident gazçylardan nägile, Pakistan türkmen gazynyň bahasynyň peseldilmegini isleýär
Pakistanda TOPH taslamasynyň gözleg-barlag işleri ýerine ýetirilende korrupsiýa ýol berlendigi aýdylýar
Türkmenistan we Pakistan TOPH taslamasynyň maliýe işlerini indiki ýyl jemlemek ylalaşygyna geldi