Banan ýetişdirmegi ele alan halaçly bagban indi kiwiniň ugrunda

Banan ýetişdirmegi ele alan halaçly bagban indi kiwiniň ugrunda

Halaç etrabynyň Pelwert obasynda ýaşaýan bagban Merdan Hudaýberdiýew banan ýetişdirmekde baý tejribe toplady. Indi ol kiwi ösümligini hem ýetişdirmegiň ugrunda. Eýýäm onuň çigitden eken tohumlary gögeribem başlapdyr. Bu barada şu gün Türkmenistan gazeti habar berdi.

Mellek ýerini tutuşlygyna ýyladyşhana öwren Merdan Hudaýberdiýew elmydama gözlegde.Tejribeli bagbanyň aýdyşy ýaly, islendik ekindir ösümligi idetmegiň özboluşly aýratynlyklary bar.Limon, pyrtykal ýaly subtropik ösümlikleriň birnäçe görnüşi biziň toprak-howa şertlerimize kemsiz öwrenişdi.

Olar indi tonnalap hasyl berýär.Hatda türkmen telekeçileri limon hasylyny daşarky bazarlara-da çykaryp başladylar.Her düýp banandan 40 kilogramdan gowrak hasyl alyp, ep-esli girdeji gazanan Merdan Hudaýberdiýew ýaly bagbanlar bu ugurda nusgalyk görelde görkezýärler.

Tejribeli bagbandan banan nahallaryny alyp, mellek ýerinde ýetişdirenleriň sany-da köpelýär.Halypa bagban olara hemişe öz maslahatlaryny berip durýar.

Merdan obadaşlarynyň hem birnäçesine banan nahallaryny ýetişdirip berdi. Göräýmäge ýönekeý ýaly bolup görünse-de, bu subtropik ösümligi ýetişdirmegiň öz inçe syrlary bar. Şolary içgin öwrenip, idegini ýetirseň, onuň hasyl berşi başgaça: her düýbi 40 — 45 kilograma çenli hasyl berýär. Banan agajynyň boýy 8-9 metre ýetende, onuň ýokarky böleklerinde hasyl has bitginli bolýar.

Ýene degişli makalalar

Gyş paslynda iýmeli miweler
Sowukdan Jaýrylan Ellere Tebigy Bejergi Usullary”
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler
Aşgabadyň dükanlary ýumurtga söwdasyna birden başlaýarlar, banany çüýrük üzüm bilen goşup satýarlar
Aşgabadyň bazarlarynda adaty bolmadyk miwe bolçulygy döredi, Maryda töwuk budunyň uly nobatlary