Bamiýanyň tohumynyň peýdalary…

Bamiýanyň tohumynyň peýdalary…

Bamiýanyň tohumy näme?

Il arasynda ady ýygydan agzalýan we bamiýa ösümliginden alynýan bamiýa tohumynyň düzüminde süým ýokarydyr. Bamiýa tohumy miwesi bişenden soň emele gelýän kiçi, goýy gyzyl ýa-da goňur tohumlardyr. Bamiýa tohumlary miwesinden aýrylyp, guradylýar.

Bamiýa tohumynyň peýdalary

1. Içege ulgamyny güýçlendirýär

Sagdyn iýmitlenme taýdan peýdaly, beýniniň öýjükleriniň täzelenmegini üpjün edýän bamiýanyň tohumy, düzümindäki b witamini arkaly ýatkeşligi güýçlendirýär. Bamiýanyň tohumy immunitet ulgamyny güýçlendirip, bedeniň hassalyklara garşy göreşmegi üçin peýdalydyr.

2. Ýürek üçin peýdaly

Magniýniň ganyň basyşyny peseltmekdäki güýji we ýürek saglygyna bolan täsirleri bilinýär. Bamiýanyň tohumynyň düzüminde magniý bardyr. Magniý taýdan baý bolan azyklaryň sarp edilmegi infarkt we ysmaz ýaly ýürek-damar kesellerine ýolukma howpuny azaldýar.

3. Holesterini deňagramlaşdyrýar.

Holesterini aşakladýan azyklaryň biri bolan bamiýanyň tohumy, siňdiriş tapgyrynda beden tarapyndan siňdirilmegiň ýerine işlenip çykarylmagyny üpjün edýän goýy gele meňzeş maddany özünde jemleýär. Şeýlelikde bamiýanyň tohumy holesterini aşaklatmak üçin maslahat berilýän azyklardan biridir.

4. Göz sagdynlygy üçin peýdalydyr

Düzümindäki a witamini we beta-karoten saýasynda göze baglylykda ýüze çykýan hassalyklaryň öňüni alyp, retinany goramak üçin peýdalydyr.

5. Böbrege bolan peýdalary

Bamiýanyň böbrek kesellerinden goraýyjy täsiri bardyr. Esasanda süýji kesellileriniň böbrek hassalygynda bamiýa sarp etmek maslahat berilýär. Emma bamiýanyň düzümindäki oskalit böbrekde daşyň emele gelmegine sebäp bolýar.

6. Rak keseline garşy immuniteti güýçlendirýär

Bamiýanyň tohumy raga garşy immuniteti güýçlendirmek we rak öýjükleriniň emele gelmeginiň öňüni almak üçin peýdalydyr. İmmunitet ulgamy üçin peýdaly bolan bamiýanyň tohumy bolsa zyýanly öýjükleriň bedene girmeginiň öňüni alýar.

7. Dartgynlygyň we stressiň öňüni alýar

Unutganlykdan we ünssizlikden ejir çekýänler, ukysyzlyk we stress ýaly näsazlyklary bolanlar bamiýa tohumyny iýmitlenme sanawyna goşmaly.

8. Içegeleri arassalap, horlanmagy üpjün edýär

Bamiýanyň tohumy içegeleri rahatlandyrmak üçin peýdaly bolany üçin, metobolizmanyň işleýişi tizlendirýär. Süýmli gurluşy sebäpli rap edilende dokluk duýgusyny döredýän bamiýanyň tohumy, artykmaç ýaglardan halas bolmak üçin netijelidir. Dok tutmagyň ýany bilen kaloriýasynyň azlygy bilen hem bamiýanyň tohumy horlanmak isleýänlere maslahat berilýär.

9. Bogun we dyz agyrylaryna tebigy çözgüt

Esasanda düzümindäki k witamini arkaly süňk üçin peýdalydyr. Yzgiderli sarp edilen halatynda bamiýanyň tohumy osteoporoz we süňk keselleriniň ýüze çykma howpuny azaldyp, süňkiň sagdynlygyny goraýar.

Esasanda ýaşa baglylykda dyzdaky suwklygyň azalmagynyň öňüni almak üçin bamiýanyň tohumyny sarp etmek maslahat berilýär. Şol sebäpli dyz agyrysy bolanlar bamiýanyň tohumynyň kursyny alyp bilerler. Dyz agyrysy bolanlar bamiýanyň tohumyny çig, bişen ýa-da üwelen görnüşde sarp edip bilerler.

10. Bagyr üçin peýdaly

Bamiýanyň tohumy bagyry gorap, onuň kadaly işlemegini üpjün edýär. Esasanda tebigy şypa gözleýänler bamiýanyň tohumyny sarp edip, bagyr hassalygyndan halas bolup bilerler.

11. Süýji kesellilerine dost

Bamiýanyň tohumy düzümindäki antioksident arkaly insulin ynjyklygyny azaltmak üçin peýdalydyr we ganyň düzümindäki süýjini kadalaşdyrýar.

12. Demgysga tebigy şypa

Bamiýanyň tohumyny üwäp bala we zeýtun ýagyna goşuň. Goýulaşan ergin bronhidiň we demgysmanyň öňüni alýar.

Bamiýanyň tohumyny nähili sarp etmeli?

Bamiýanyň içindäki kiçi tohumlary şol durşuna, üwäp, ýa-da başga azyklara goşup, sarp etmek mümkin. Bamiýanyň tohumyny üwäp, gaýnan suwda demläp içip bilersiňiz. Gatyga we şuňa meňzeş azyklara hem goşup iýmek maslahat berilýär.

Bamiýanyň tohumyny allergiýasy bolanlar, hroniki ýarawsuzlygy bolanlar her gün kadaly derman ulanýanlar we göwreli aýallar hökmany suratda lukmana geňeşden soň sarp etmeli.

Ýene degişli makalalar

Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
Ähli taraplaýyn glutation
Jennet hurmasynyň (Trabzon) peýdalary…
Süle fasolunyň peýdalary…
Zeýtun ýapragynyň çaýynyň peýdalary…
Ýöremegiň saglygymyza peýdalary