Balyklyköl

Balyklyköl

Günorta gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän Şanlyurfa welaýatynyň taryhy bilen birlikde rowaýatlary bilen hen ýakyndan tanalýandygyny bilýäňizmi?

Hekaýasy, arassa howasy we arhitekturasy bilen ünsleri özüne çekýän Şanlyurfa, taryhy bilen birlikde rowaýatlary bilen hem ýakyndan tanalýan şäherlerden biri. Şäheriň iň gelim gidimli ýerlerinden biri hem Balyklykölüdir.

Şanlyurfanyň syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Balyklyköl, 150 metr uzynlygynda, 30 metr giňliginde we 5 metr çuňlugyndadyr.Balyklyköl, kanallar arkaly biri-biri bilen birleşýän iki uly howuzdan emele gelýär. Şäheriň daş-töweregini gurşap alýan Balyklyköl, ýurduň serhetlerinden çykyp Siriýa tarap uzap gidýär.

VI asyra çenli çaýlardan akýan suwlar şol köl bilen birleşipdir. Şol döwürde kölüň suwynyň daşmagy birnäçe adamyň ýogalanmagyna sebäp bolupdyr.Wizantiýa Imperatory hem adam pidalarynyň öňüniň alynmagy üçin Stambuldan ýörite inženerleri Şanlyurfa ugradypdyr.

Başdan geçirlip bilinjek adam pidalarynyň öňüniň alynmagy üçin kölüň daş-töweregine diwar örülipdir we başga kanal gazylypdyr.

Balyklykölde sazan balygynyň dürli görnüşleri bar. Balyklyköl hakyndaky rowaýatlara görä, köldäki balyklar il arasynda keramatly hökmünde kabul edilýär we iýilmeýär.

Rowata görä üç uly diň atasy kabul edilýän Hezreti Ibraýym, şol ýerde oda taşlanypdyr we düşen ýeri köle, ýanan odunlar bolsa balyklara öwrülipdir.

Balyklyköliň golaýynda Hezreti Ibraýymyň doglan gowagy hem ýerleşýär. Şol sebäpli hem dünýäniň çar tarapyndan dürli diniň agzalary ýylyň her möwsüminde Balyklyköli görmek üçin Şanlyurfa gelýär.

Ýene degişli makalalar

Gagauz türkçesi
Gadymy Afrodisias Şäheri
Müsürde 22 Sany Gadymy Mazar Tapyldy
Walla Kaniony
MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ ÄHMIÝETI atly duşuşyk we UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLAR GADYMY MERWDE atly sergi
Stambulyň Zabt Edilen Gününe Bagyşlanan Ýörite Gepleşik
Kaşdanyň Anadolyda ösdürlip ýetişdirlen miwe görnüşlerinden biridigini bilýäňizmi?