Balykesir welaýatynda Rim döwründen galan hammam tapyldy

Balykesir welaýatynda Rim döwründen galan hammam tapyldy

Türkiyäniň Balykesir welaýatynyň Burhaniýe etrabynda 11 ýyl dowam eden gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Adramytteion gadymy şäherinde, Rim döwrüne degişli port hammamynyň ýerasty ýyladyş ulgamy tapyldy.

Gazuw-agtaryş işleriniň başlygy Mimar Sinan Şekillendiriş sungaty uniwersitediniň Arheologiýa bölüminiň agzasy Murat Özgen, tapylan port hammamy barada: "Bu gurluşyň biziň eramyzyň 2-nji ýa-da 3-nji asyryna degişli bir desgadygyny bilýärdik.

Gurluş içinde tapylan tapyndylar bilen bilelikde bu ýeriň Rim döwrüniň port hammamydygyny kesgitledik. Öňümizdäki ýyllarda bu meýdançanyň ähli ýerinde gazuw-agtaryş işleri dowam ediler" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-türk uniwersitetiniň ozalky mugallymy 'gülençilikde' aýyplanyp tutuldy
Balykesirde Bolan Partlamada 12 Adam Ýogaldy
Türk kazyýeti Türkmenistandan “gülençi ýolbaşçylary” bermegini soraýar
Türkiýeden Türkmenistana dürli agaç nahallary ugradyldy
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi