“Balyk tutmaga gitseň, jenaýata baş goşýan ýaly bolýarsyň”

“Balyk tutmaga gitseň, jenaýata baş goşýan ýaly bolýarsyň”

Türkmenistanda häkimiýetleriň aw tüpeňlerine berk gözegçiligi ýola goýmagy, olaryň ilatdan yzygiderli konfiskasiýa edilmegi we ok-däri söwdasyna girizilen berk çäklendirmeler netijesinde, ýerli awçylar, şol sanda köllerde balyk tutýanlar üçin girizilen gadagançylyklar hem dowam edýär. “Bir ýarym ýyl çemesi öň hukuk goraýjy guramalar ilatdaky aw tüpeňleriniň ählisinihasaba almak bahanasy bilen ýygnap aldylar we olary yzyna gaýtaryp bermegi gijikdirip gelýärler” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şerinde gürleşen lebaply awçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler “tüpeňlerimizi haçan yzyna gaýtaryp berýärsiňiz?” diýlen soraga gysgaça “soň bereris” diýip jogap berýärler. “Ýöne bu örän uzaga çekýär.Aw möwsümi gelende, awçylaryň käbiri hem öz maşgalasy, hem polisiýa işgärleri üçin guş awlajak bolup, öz tüpeňlerini häkimiýet wekillerinden iki-üç günlük satyn alýar, soň olar ýaraglaryny indiki möwsüme çenli yzyna tabşyrýar” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan awçy aýtdy. Öňki ýyllarda awçylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde awçylar üçin ok-däri satýan dükanlaryň boşap galandygyny, şol bir wagtda-da özleriniň awçy hökmünde agzalyk töleglerini tölemäge mejbur bolýandyklaryny we her ýyly ok-däri hantamaçylygynda geçirýändiklerini habar beripdiler. Ýerli awçylaryň garşysyna girizilen gadagançylyklar diňe olaryň tüpeňleriniň konfiskasiýa edilmegi, ok-däriniň emeli gytçylygynyň döredilmegi bilen hem çäklenmeýär.

Bu çäklendirmeler başda ýurduň emeli we tebigy suw howdanlarynda balyklaryň tebigy ýagdaýda köpelmegi üçin şert döretmek bilen düşündirildi.Bu çäräniň çäginde käbir emeli we tebigy suw howdanlarda balyk tutmaga bäş ýyllyk gadaganlyk girizildi.

Azatlygyň 2013-nji ýylyň aprel aýynda habar berşi ýaly, Lebap welaýatynyň Galkynyş (ozalky Dänew) etrabynda ýerleşýän Ketdeşor, Ýerajy, Rahmanköl atly köllerde balyk tutmaga bäş ýyl gadaganlyk girizildi. Şol bir wagtda, Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň öňki ýyllarda beren maglumatlaryna görä, bazarlarda balyk bolçulygyny döretmek üçin suw howdanlarynda balyk ýetişdirmek isleýän hususyýetçilere hem ygtyýarnama, bank karzlary berildi.

Emma indi, habarçymyzyň maglumatyna görä, suw howdanlaryndaky balykçylyk “ýokarda arkasy bar” diýip biliýän aýry-aýry adamlaryň ygtyýaryna geçýär.Mysal üçin, Gazojak suw howdanyndan Garagum kanalyna çenli aralykdaky balykly ýerleriň ählisiniň “arkaly adamlaryň” kontrollygyna geçendigi habar berilýär. “Gazojakda adamlar balygyň hasabyna ýaşaýardylar.

Emma indi olaryň gaýyklary, torlary ellerinden alyndy.Ol ýerde indi aňsat balyk tutmaga gidip bolanok... Ýollar goralýar. Ýogsa balykçylaryň köpüsi çeňňekli, emma şol çeňňek we balyk bilen tutulsaň hem, çeňňegiňi we balyklaryňy eliňden alyp, jerime salýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran balykçy radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, ýerli ilat balygyň tagamyny ýatdan çykaryp barýar. “Ozallar balyk tutmaga gitmek dynç almagyň bir görnüşidi, indi balyk tutmaga gitjek bolsaň, jenaýata baş goşýan ýaly bolýarsyň” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň synaglara gatnaşygy pes boldy
Ýerli ýaşaýjylar köne gaz geçirijileriň täzelenmegini soraýar, gazyň basyşy pes bolmagynda galýar
Lebap - Daşoguz arasyndaky 'ýolsuz ýollar' ýolagçylaryň janyny töwekgelçilige salýar
Lebaply kärendeçiler Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilen mineral dökünleri satyn alýarlar
Sanepidomologiýa brigadalary Lebabyň obalaryndaky ýaşaýyş jaýlaryny zyýansyzlandyrýarlar
Türkmenler suw daşap, odun ýakyp, '100 ýyl öňki durmuşa dolanýar'
Lebap: MHM dindarlaryň öýlerini dökýär