Balkanyň käbir sebitlerinde ilata paýlanyp berlen ýüpek gurçuklarynyň tas ýarysy isrip boldy

Balkanyň käbir sebitlerinde ilata paýlanyp berlen ýüpek gurçuklarynyň tas ýarysy isrip boldy

Döwlet mediasy Balkan welaýatynda pileçilik pudagynyň pugtalanýan kuwwatyny mazamlaýan mahaly, ýerli ýüpekçiler berbat bolan hasylyň harap halyndan habar berýärler.

“Şu ýyl welaýat boýunça ýüpek gurçugynyň hasyllylygy pes boldy, garaşylan sepgidiň 50 göterimini berjaý etmäge mümkinçilik boldy. Bereket we Gyzylarbat etraplarynda ýüpek gurçuklary näbelli keselden ejir çekdi. Köp gurçuk ikinji ukusyndan oýanyp bilmedi, hasyl isrip boldy” diýip, balkanly bir agronom Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli hünärmenler emele gelen ýagdaýyň anyk sebäplerini aýdyňlaşdyryp bilmeýärler, ýöne ýyldyrym çakmagy, howanyň çyglylygynyň birden ýokarlanmagy ýaly soňky hepdelerde sebitde ýygy-ýygydan gaýtalanan howa hadysalaryna salgylanyp, gurçuklaryň köpçülikleýin heläk bolmagyna getiren ýagdaýlary öwrenmäge çalyşýarlar.

Ýüpek gurçuklary örän duýgur jandarlar bolup, ideg işleri gurçuk saklanylýan jaýlarda howanyň temperaturasynyň we çyglylygynyň kadaly derejelerde saklanylmagyny talap edýär.

Maý aýynda ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda günbatar welaýatda howanyň çyglylygy ýokarlanyp, ýagyş-ýagmyr bol boldy.

Döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri balkanly pileçileriň üstümizdäki ýylda ýüpek gurçuklaryndan netijeli hasyl almagy meýilleşdirýändiklerini habar berýär.

“Balkanly pileçiler ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg işlerini jemleýji tapgyrda gowşamaýan depginlerde dowam etdirýärler. Iýmitlendiriş otagynyň ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk derejesiniň hem-de howanyň çalşygynyň kadaly üpjün edilmegi oňyn netijeleri berýär” diýip, döwlet metbugaty ýazýar, ýöne sebitde birnäçe hepdeläp dowam eden adatdan daşary çygly howa şertlerini agzamaýar.

Resmi maglumatlara görä, sebitde şu ýyl ýüpek gurçugynyň 685 gaby şertnama esasynda ýerli ýüpekçilere paýlanyp berlipdir we olardan 25 tonna pile hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu welaýatda pileçilere paýlanyp berlen ýüpek gurçuklary Hytaýdan getirilipdir.

Döwlet halkara bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan piläniň satyn alyş nyrhyny, ýerli agronomlara görä, tas on ýyl bäri bir durkunda saklap gelýär.

“Döwlet tas 10 ýyl çemesi wagt bäri, bir kilogram piläni daýhanlardan 24 manada satyn alýar. Ýüpek önümçiligi agyr zähmet talap edýär. Pile önümçiligini býujet işgärleriniň gerdenine ýükläp, daýhanlara bir kilogram pile üçin 1 dollar töleg tölemegiň deregine, ýüpekçiler höweslendirilmeli” diýip, ýerli hünärmen aýdýar.

Dokma senagatynda, şol sanda ýokary hilli egin-eşikleriň, aksesuarlaryň, öý goşlarynyň önümçiliginde; lukmançylyk pudagynda, käbir biomateriallaryň önümçiliginde; galyberse-de, paraşut ýaly käbir ýörite maksatly esbaplaryň önümçiliginde hem ýüpekden peýdalanylýar.

Türkmenistanda aprel aýynyň ortalaryna çenli gurçuk tohumlary şertnamalaýyn esasda ýüpekçi kärendeçilere paýlanyp berildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýüpek gurçugynyň ideg işlerine niýetlenilip, býujet işgärlerinden pul serişdeleriniň toplanylmagy barada habar berdiler.

Bilim we saglyk pudagynyň işgärleri, mugallymlar we lukmanlar özleriniň maliýe serişdeleri bilen ýüpek gurçugynyň ideg işlerine goşant goşmaga mejbur edilýärler.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz, bu sebitde şu ýyl ýüpek gurçuklaryny almadyk kärendeçilere arçynlar tarapyndan, dilden görkezme esasynda, 500-1000 manat aralygynda, resmi däl salgytlaryň salynýandygyny habar berýär.

Günbatar sebitde öndüriljek piläniň agramly bölegi Magtymguly etrabynyň üstüne ýüklenipdir. Welaýat boýunça öndürilmegi göz öňünde tutulýan 25 tonna piläniň 20 tonnasy bu etrapda ýetişdiriler.

Şu ýyl ýurt boýunça 2 müň 100 tonna pile hasylyny almak meýilleşdirilýär. Ahalda 155 tonna, Balkanda 25 tonna, Daşoguzda 500 tonna, Lebapda 1010 tonna we Maryda 410 tonna çig pile hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Ýurduň ýüpekçileri tut agaçlarynyň ýetmezçiligi ýaly üpjünçilik meselelerini hem başdan geçirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzly pileçiler döwlet harmanyna 500,7 tonna çig pile tabşyrdylar
Pile önümçiligi: Tut ýapragynyň gytçylygy onuň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna getirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi