Balkanyň häkimiýetleri kafelere duýduryş paýlap, “soňky jaň” oturyşlyklarynyň öňüni almaga çalyşýar

Balkanyň häkimiýetleri kafelere duýduryş paýlap, “soňky jaň” oturyşlyklarynyň öňüni almaga çalyşýar

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna bir hepde galanda, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri garbanyşhanalara, kafelere we restoranlara duýduryş hatyny paýlap başlady. Hatda olaryň eýelerine okuwçylaryň bu ýerlerde oturyşlyk gurnamagyna rugsat bermezlik duýdurylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Häkimiýetler okuwçylaryň 25-nji maýda soňky jaň oturyşyklaryny gurnamagynyň öňüni almak boýunça çärelerini güýçlendirýärler. Olar garbanyşhanalara, kafelere we restoranlara aýlanyp, duýduryş hatyny gowşurýarlar. Hatda okuwçylar bu ýerlere goýberilse, onda olaryň eýeleriniň administratiw jogapkärçilige çekiljekdigi duýdurylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz häkimiýetleriň, şol sanda bilim resmileriniň ene-atalara okuwçylara öý üýşmeleňleri gurnamagyň hem gadagandygyny duýdurýarlar.

“Olar oturyşykda saklanan okuwçylaryň ene-atalarynyň administratiw jogapkärçilige çekiljekdigini hem aýdýarlar” diýip, balkanly bir ene anonim şertde habarçymyza aýtdy.

Bu duýduryşlardan soň, Awazadaky we Türkmenbaşy şäherindäki myhmanhanalar, restoranlar we kafeler şu ýyl okuwy tamamlaýan okuwçylardan oturyşyklar üçin alan “buýurmalaryny” ret edip başladylar.

25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” çäresi geçirilýär. Adatça mekdep okuwçylarynyň aglabasy bu çäreden soňra kafedir restoranlarda oturyşyklary gurnaýar.

Ýöne soňky ýyllarda häkimiýetler bu oturyşyklaryň öňüni almak, “soňky jaň” dabaralaryny çäkli görnüşde guramalaşdyrmak boýunça güýçli depginde çäre görýärler. Olar bu tagallalaryna resmi derejede düşündiriş bermeýärler.

Bilim ýolbaşçylary ene-atalara we okuwçylara dilden berýän maglumatlarynda çäreleriň sebäbini “mümkin bidüzgünçilikleriň, jenaýatlaryň öňüni almak tagallalary” bilen düşündirýärler.

Emma ene atalaryň ençemesi diňe bu gadagançylyklaryň ýeterlik däldigini, okuwçylaryň kwartiralary, kottež jaýlary kireýine almagyna we spirtli içgileriň satuwyna hem gözegçiligi güýçlendirmelidigini aýdýar.

“Döwlet her ýyl kagyz ýüzünde üýşmeleňleri gadagan edýär, garbanyşhanalara gözegçiligi güýçlendirýär. Muňa garamazdan, ýetginjekler kottež jaýlary bir gijelik kireýine alyp, oturyşyklary geçirýärler. Şol güni spirtli içgileri we psihotrop maddalaryny ulanýan ýetginjekler köp bolýar. Dermanhanalarda düzüminde narkotik jisimler bolan tabletkalaryň satuwy köpelip, gymmatlaýar” diýip, balkanly bir ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, habarçymyz Türkmenbaşynyň mekdeplerinde okuwçylaryň klas ýolbaşçysyna we mekdep müdirine sowgat almak, şeýle-de “soňky jaň” mynasybetli geçiriljek dabaralar üçin pul ýygnamak çäresiniň tamamlanyp barýandygyny hem aýtdy.

“Daşary ýurt dilleri boýunça çuňlaşdyrylan bilim berýän 1-nji, 5-nji, 10-njy, 13-nji we 26-njy mekdeplerde her bir okuwçydan 15 müň manatdan pul ýygnaldy. Bu mekdeplerde emeldarlaryň we gurply adamlaryň çagalary okaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, bu puluň bir bölegine mekdebiň bilim işgärleri üçin gymmat bahaly sowgatlar satyn alynýar.

“Meselem, 26-njy mekdebiň uçurymlary öz mekdep müdiriniň suratyny el halynyň ýüzüne dokatdylar. Olar munuň üçin 80 müň manat pul tölediler. Bu resmi kursda tas 23 müň dollara, gara bazar nyrhynda 4 müň ABŞ dollaryna barabardyr” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz şäheriň beýleki mekdeplerinde okuwçylardan bu çäreler üçin ýygnalan puluň möçberiniň 500-2000 manat aralygynda bolandygyny belleýär.

“Garyp hojalyklara bu möçberdäki puly tapmak hem agyr mesele bolýar. Bu, dürli maşgala problemalaryna getirýär, köp adamy agyr ruhy krizise sezewar edýär” diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde her ýyl “soňky jaň” dabaralary üçin müňlerçe manat çykdajy edilýändigi we bularyň ene-atalary surnukdyrýandygy barada yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlyk soňky ýyllarda çykdajylar sebäpli käbir okuwçylaryň öz janyna kast edýändigi barada hem ençeme gezek maglumat taýýarlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Derman topary dermanhanasy alyjylara amatly şertleri hödürleýär
Aşgabatda we Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme we dem alyş ýollary keselleri ýaýraýar
Daşoguzda täze saglyk öýüne işe girjeklerden “müňlerçe dollar para soralýar”
Häkimiýetler köpçülik ýerlerinde ykdysady şertlere nägilelik bildirýän raýatlary anyklaýar
Aşgabatda möwsümleýin dümew keseliniň täze tolkuny ýaýraýar
Dostlukly Zähmet dermanhanasy saglyk we gözellik harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär