2023-nji ýylda Balkanwelaýatagyzsuw birleşiginiň önümçilik düzümleri tarapyndan Balkan welaýatynyň ýaşaýjylaryna ýetirilen arassa agyz suwunyň möçberi 34 million kub metre golaýlady.
Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, wajyp işi talabalaýyk alyp barmakda bu birleşigiň Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky her gije-gündizde 35 müň kub metre, Gyýanlydaky 50 müň kub metre, Ekerem şäherçesindäki 5 müň kub metre barabar deňiz suwuny süýjediji desgalarynyň, Bereket şäherindäki suw ýygnap paýlaýjy desgalar gullugynyň hünärmenleri öndürijilikli zähmet çekýärler.
Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki suw ýygnap paýlaýjy desgalar gullugynyň her biriniň göwrümi 1 million kub metre deň bolan 1-nji we 2-nji suw göterijileriniň durkunyň täzelenmegi bolsa günbatar sebitiň ýaşaýjylarynyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýetli waka boldy diýlip, habarda bellenilýär.
Kärhana gije-gündiziň dowamynda ýörite turba geçirijiler arkaly Bereket şäherine we onuň degişli obalaryna 20 müň kub metre, Balkanabat şäherine bolsa 100 müň kub metre çenli arassa agyz suwuny berip bilýär.
Habarda bellenilişine görä, 2023-nji ýylda bu gulluk tarapyndan Garagum derýasyndan alnyp, sebit merkezine akdyrylan arassa agyz suwunyň möçberi 16,4 million kub metre golaýlady.