Balkanyň gowaça ekilen etraplarynyň aglabasynda pagta ýygymy tamamlandy. Ýetişdiren pagta hasylyny döwlet harmanyna tabşyran kärendeçi daýhanlar hökümetiň pagtany wada beren "ýokary" nyrhyndan satyn almaýandygyny aýdýarlar.
“Daýhanlar döwlete tabşyran pagta hasyly üçin girdejileri bank hasaplaryna geçip başlanda, tölegiň azdygyny gördüler. Soňra köp daýhan öz daýhan birleşigindäki oba hojalygy resmileriniň ýanyna baryp, gatadan hasaplap bermegi sorady. Şonda olar pagtanyň her bir kilogramy üçin tölegiň täze nyrhdan däl-de, köne bahadan sähel ýokarda hasaplanýandygyny bilip galdylar” diýip, gyzylarbatly bir kärendeçi daýhan anonimlik şertinde aýtdy.
Bu ýagdaýlar bilen Gyzylarbat etrabynyň Zaw we Paraw daýhan birleşikleriniň hem-de Bereket etrabynyň S.Türkmenbaşy adyndaky we Uzynsuw daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Olaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna aýtmagyna görä, oba hojalygy resmileri özlerine ýüzlenen kärendeçilere pagtanyň her bir kilogramynyň 5 manada derek 2,5 manatdan hasaplanandygyny mälim edipdirler.
“Olar munuň sebäbini düşündirmezden, şol 2,5 manatdan 1 manadyň ýygym işleri üçin saklanandygyny we netijede, daýhana her bir kilogram pagta üçin 1,5 manat töleg geçirilendigini aýtdylar” diýip, başga bir ýerli kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, şu ýyl Türkmenistanda pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhy tas 3,5 esse töweregi ýokarlandyryldy. Şonda täze nyrhlaryň şu ýylyň hasylyndan başlap hereket edip başlajakdygy hem aýdylypdy.
Resmi maglumata görä, nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde kesgitlenýär.
Şeýle-de, ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi.
Mundan ozal pagtanyň bahasy alty ýyllap 1355 1500 manat aralygynda saklanýardy.
Häkimiýetler şu ýylyň 9-njy fewralynda täze bahalary yglan edenlerinde munuň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirjekdigini aýdypdylar.
Balkanly pagtaçy kärendeçiler häkimiýetleriň wadalarynda tapylmaýandygyny, özleriniň planlaşdyrylandan üç esse az girdeji alandygyny we arzuwlarynyň puja çykandygyny aýdýarlar.
“Bu ýyl daýhanlar has-da agyr şertlerde zähmet çekdiler. Güýçli ýagyşly gelen bahar aýlarynda daýhanlar gowaçany iki, käte üç gezek gaýta-gaýta ekmeli boldular. Daýhanlaryň çeken azaby, netijesiz galýar” diýip, bereketli daýhan anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz pagtanyň wada berlen täze nyrhdan satyn alynmaýandygyny bilip galan daýhanlaryň arasynda kärende ýerlerini yzyna tabşyrýanlaryň bardygyny hem belleýär.
“Bu kärende ýerleriniň her biriniň ululygy 10 gektar meýdana barabar” diýip, ýerli daýhan aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda agzalýan etraplaryň oba hojalygy bölümlerinden teswir alyp bilmedi.
Resmi metbugata görä, balkanly babadaýhanlar şu ýyl pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurtda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.
“Türkmenistan Altyn Asyr” neşiriniň 10-njy noýabrda çap eden habaryna görä, olar 16 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny döwlet harmanyna tabşyrdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.