Balkanly goja: Jaý satyn almak beýlede dursun, güzeranymyzy zordan aýlaýarys

Balkanly goja: Jaý satyn almak beýlede dursun, güzeranymyzy zordan aýlaýarys

Häkimlik ne ýer berýär, ne-de jaý berýär diýip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň ýaşaýjysy, 70 ýaşly Meret aga (ady üýtgedildi) aýdýar.

Ol dört ogly, dört gelni we dokuz agtygy bilen, 18 adam bolup, dört-bäş otagly howly jaýda ýaşaýar.Meret aga ogullaryny we gelinlerini bölek çykarmak üçin, öý edinmek ýa-da mellek ýerini satyn alyp, täze jaý salynmak synanyşyklarynyň netije bermeýändigini, güzeran şertleriniň agyrlaşandygyny aýdýar.

Bu aralykda, sebitde täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy yglan edilýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ipoteka jaýlarynyň töweregindäki käbir jikme-jiklikleri öwrendi.

Balkanly goja mellek ýerleri bilen bagly etrap häkimligine beren ýüztutmalarynyň jogapsyz galýandygyny, sebitdäki boş ýerleriň bolsa, köplenç ipoteka jaýlaryny gurýan ýerli firmalara bölünip berilýändigini aýdýar. Ol pensiýasynyň we ogullarynyň aýlyk gazanjynyň hasabyna bolsa, ipoteka jaýlaryny satyn almagyň mümkin däldigini, olaryň bahalarynyň aşa gymmatdygyny gynanyp, gürrüň berýär.

“Gaýgysyz garrylygy, eşretli durmuşy görerin öýdüp, umyt edipdim, ýöne dört ogul we dört gelin bilen, howly jaýda ylalaşyp ýaşamak tas mümkin däl. Ykdysady kynçylyklar we gymmatçylyk zerarly, pensiýamyz we çagalaryň aýlyk gazançlary öý satyn almak beýlede dursun, güzeran aýlamaga zordan ýetýär” diýip, Meret aga gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý meselesi köpýyllyklaryň dowamynda ýiti problema bolmagynda galýar. Oba we etrap ýerlerinde san taýdan giňeýän köp hojalyk adatça döwletden mellek ýerlerini alyp, howly jaýlaryny dikleýärler. Ýaş maşgalalaryň girdejileri köplenç özbaşdak bina edilýän howly jaýlaryň gurluşygyna siňdirilýär. Adamlar mellek ýerlerinde köplenç toýun-toprakdan galdyrýan jaýlaryny tapgyrlaýyn gurýarlar we gurluşyk işleri birnäçe ýyla çekýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen hökümeti şäher ýerlerinde, hususan-da paýtagt Aşgabatda we beýleki sebitlerde köp gatly jaýlaryň, kottežleriň, kaşaň-kaşaň myhmanhanalaryň we beýleki desgalaryň gurluşygyna milliardlarça dollar harçlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar býujet işgärleriniň agramly böleginiň, şol sanda lukmanlaryň we mugallymlaryň sebitlerde gurulýan kottež jaýlary satyn almaga gurbunyň çatmaýandygyny aýdýarlar.

“Ýönekeý adamlaryň aýlyklary ipoteka berilýän täze kottež jaýlaryny satyn almaga ýetmeýär.Ipoteka jaýlaryny satyn alan ýagdaýynda hem, mugallymlaryň we beýleki býujet işgärleriniň, karzlaryny töläp bilmän, täze jaýlardan çykarylýan halatlary bolýar.

Karzlaryny töläniň bilenem, her aý azyk harytlary, gaz we elektrik energiýasy we beýleki çykdajylar üçin üçin töleg tölemeli.Döwletde işläp, goşmaça gazanç etmek hem mümkin däl. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, ýönekeý býujet işgärleri üçin, ýaşaýyş jaýlaryny ilata elýeter etseler, gowy bolardy” diýip, balkanly goja aýdýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy etrabynyň ilat arasynda Janga atlandyrylýan Türkmenbaşy şäherçesinde we Akdaş şäherçesinde bir we iki gatly kottež toplumlarynyň gurulýandygyny we täze jaýlaryň ipoteka bank karzlarynyň hasabyna 15-30 ýyl möhlet bilen öý eýelerine berilýändigini habar berýär.

Onuň öwrenen maglumatlaryna görä, bir etaž, dört otag jaýlar 80 inedördül metr ýer bilen 700 müň manatdan, iki etaž, bäş otag kottež jaýlary bolsa, 80 inedördül metr ýer bilen, 1 million 300 müň manatdan satylýar.

Bu serişdeler walýutanyň gara bazar bahasy boýunça degişlilikde 36 müň we 65 müň dollara, resmi alyş-çalyş kursy boýunça degişlilikde 200 müň we 371 müň dollara barabar bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ipoteka berilýän täze jaýlaryň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän adamlar üçin aşa gymmatdygyny aýdýarlar.

“Döwletiň berýän aýlygy bilen ipoteka karzyny tölemek asla mümkin däl, eger raýat häzirki wagtda 3 müň manat aýlyk alan ýagdaýynda hem, her aý ipoteka karzy üçin 3700 manat töleg geçirmeli, ýyllyk 20 göterim tölegi hem tölemeli” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, “Biznes Türkmenistan” neşiri aprel aýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesinde 37 sany bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça bäsleşigiň yglan edilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy we Akdaş şäherçelerinde täze jaýlaryň gurluşygyna Balkan welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça badalga berlendigini habar berýär.

Türkmenbaşy şäherçesi Türkmenbaşy etrabynyň çägine girýär.

“Köp maşgalalar öý almakda kynçylyk çekýärler. Muňa döwletiň gurýan jaýlarynyň bahalarynyň aşa gymmat bolmagy sebäp bolýar” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti soňky ilat ýazuwynyň hem-de ilatyň ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini köpçülige äşgär etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär
Balkanda ilatyň gaz töleginiň möçberi sarp edilen gazyň mukdaryna görä däl-de, jaýyň tutýan meýdanyna görä kesgitlenýär
'Aýdylýan 7 million nirede'. Türkmenistanyň ilatly nokatlarynda ýaşaýjy ep-esli azaldy
Türkmenbaşyda "gaz tygşytlamak we metan syzmalaryny azaltmak" üçin tamdyrlar ýumrulýar
Türkmenbaşyda tok, suw we gaz üpjünçiligi bilen bagly şikaýatlar artdy
Goşun gullugyndan ir boşajaklaryň 'para möwsümi' başlandy