
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna iki hepde galanda, mekdeplerde “para möwsüminiň" möwjeýändigini synlasa bolýar. Balkanly ene-atalaryň ençemesi çagany ýöriteleşdirilen mekdeplere birinji synpa ýerleşdirmek üçin soralýan paranyň möçberiniň on müňlerçe manada ýetýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 16-njy awgustda sebitden maglumat berdiler.
“Türkmenbaşy şäherinde çagalaryny daşary ýurt dillerini çuňňur öwredýän ýerli ýöriteleşdirilen mekdeplere salmak isleýän ene-atalardan aç-açan para soralyp başlandy. Para şäheriň bilim bölüminiň käbir resmileri we mekdepleriň ýolbaşçylary tarapyndan soralýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ene gürrüň berdi.
Ene-atalaryň sözlerine görä, paranyň möçberi, mekdebiň ilat arasyndaky “abraýyna” görä, 20 müňden 50 müň manada çenli üýtgeýär. Bu Merkezi bankyň kursunda $5700-$14300, gara bazaryň nyrhynda $1000-$2500 töweregindedir.
“Bu mekdepleriň arasynda şäheriň 1-10-13-26-njy mekdepleri bar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.
Türkmenistanda başlangyç we orta bilim mugt hasaplanýar. Ýöne habarçymyz çagalaryň bu mekdeplere ukyby ýa-da golaýda ýaşaýandygy esasynda mugt girmek mümkinçiliginiň tas ýokdugyny aýdýar.
“Bu mekdepler para bermedik ene-atalaryň çagalaryndan iňlis dilinde synag alyp, olaryň hemmesini ýykyp goýberýärler. Sebäbi bilim işgärleri olardan 6 ýaşly çagalaryň bilmejek zatlaryny soraýarlar. Bu mekdepler adaty raýatlaryň çagalary üçin däl” diýip, balkanly başga bir ene aýtdy.
Azatlyk şäheriň bilim bölümi we mekdepleriň administrasiýalary bilen habarlaşmaga synanyşdy, ýöne ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada maglumat alyp bilmedi.
Awgust aýyndan başlap Türkmenistanyň orta mekdepleri çagalary birinji synpa kabul etmek üçin resminamalary kabul edip başladylar.
Resmi metbugatyň 26-njy iýulda çap eden habarynda 2023-2024-nji okuw ýyly üçin birinji synplara 2017-nji ýylda doglan 6 ýaşly çagalaryň on müňlerçesi kabul edilýändigi bellense-de, olaryň takyk sany barada hiç zat aýdylmady.
Şeýle-de, habarda ýurtda işleýän orta mekdepleriň umumy sanynyň iki müňe golaýlaýandygy bellenilýär.
“Ýurduň 200-e golaý mekdebi matematika, informatika, tebigy ylymlar, takyk ylymlar we ynsanperwer ylymlar, şeýle hem iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý we beýleki daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilendir” diýlip, maglumat aýdylýar. Ýöne onda ýöriteleşdirilen mekdeplere girmekdäki “para-berim” barada mesele gozgalmaýar.
Türkmenistanda çagalary başlangyç synpa kabul ediş möwsümindäki para-berim meselesi barada Azatlygyň habarçylary ýyllarboýy habar berip gelýärler.
Geçen ýylyň 16-njy awgustynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz Türkmenabat şäherinde çagany öz ýaşaýan ýerindäki däl-de, başga etrapçadaky orta mekdebe salmak üçin paranyň möçberiniň $500, ýöriteleşdirilen mekdeplere salmak üçin paranyň möçberiniň $1500 ýetýändigini habar berdi.
Ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiz ýöriteleşdirilen mekdepleri tamamlan çagalaryň hem ýurduň ýokary okuw jaýlaryna “parasyz tas girip bilmeýändigini”, sebäbi para-berimiň ýurduň tas ähli pudagyna ýaýrandygyny aýdýarlar.
Ýöne ene-atalaryň ençemesi bu mekdepleri tamamlan çagalarynyň daşary ýurtlaryny çuňňur öwrenip, daşary döwletlerdäki okuw jaýlaryna giren halatlarynda öz bilimi, başarnygy bilen okap bilmeklerini we ýokary hünärli hünärmen bolmaklaryny umyt edýändiklerini aýdýar.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. "Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.