Balkandokmada dört aýda 23 million manatlyga golaý iş edildi

Balkandokmada dört aýda 23 million manatlyga golaý iş edildi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki Balkandokma ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy dürli ölçeglerdäki ýüplükleri düwünsiz we ýokary hil derejesinde öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli nah ýüplükler diňe bir içerki bazaryň däl, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem islegli harytlary bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda toplumda 1 müň 500 tonna ýüplük öndürilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem bu görkeziji, geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, şu islegli önümiň 20 tonnasynyň artyk taýýarlanandygyny aňladýar.

Kärhanada geçen dört aýda sarp edijilere iberilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberiniň 23 million manatlyga golaýlamagy aýratyn bellärliklidir. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,5 million manatlyk köpdür. Deňeşdirilýän döwürde kärhana boýunça 560 tonnadan gowrak ýüplügiň içerki we daşarky bazarlarda artyk ýerleşdirilendigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Balkandokma ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde 90 million manatdan gowrak önüm öndürildi
Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar
Türkmenistan hasyl toýuny belledi, daýhanlar döwlete ýene bergili galdy
Diňle: MHM we IIM edaralary gowaça meýdanlarynda mal bakýan adamlary 'awlaýarlar'
MHM we IIM edaralary gowaça meýdanlarynda mal bakýan adamlary 'awlaýarlar'
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Balkanyň käbir sebitlerinde ilata paýlanyp berlen ýüpek gurçuklarynyň tas ýarysy isrip boldy