Balkanda ýag we un çäkli satylyp başlandy, Maryda goýun eti 40% gymmatlady

Balkanda ýag we un çäkli satylyp başlandy, Maryda goýun eti 40% gymmatlady

Şu günler Balkanda ilatyň bazar nyrhyndan biraz arzan satylýan azyk önümleri bilen üpjünçiligi birneme gowulandy. Bu aralykda, Maryda goýun etiniň bahasy duýdansyz 40% gymmatlady.

Bu wakalar, prezidentiň Bitaraplyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurduň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini tabşyran mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 3-nji dekabrda Balkandan beren maglumatyna görä, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan un we ýag çäkli satuwa çykarylyp başlandy.

“Bir litr ýag 18 manatdan ýene kadaly satuwda peýda boldy. 50 kilogramy 190 manat bolan un hem satylyp başlandy. Dükanlaryň öňünde nobata duran adamlar kän. Olaryň her birine bir litr ýag satylýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Nobatlara raýat eşigindäki ýerli howpsuzlyk işgärleri we polisiýa tarapyndan berk gözegçilik edilýär. Olar nobatlaryň wideo we surata düşürilmeginiň öňüni alýarlar.

“Dükanlaryň öňünde telefon ulanmak bolmaýar. Jübüsinden telefonyny çykaran adamlaryň ýanyna organ işgärleri baryp, olaryň wideo ýa-da surata düşürmändigini barlaýarlar. Häzir dükanlaryň öňünde organ we polisiýa işgärleriniň sany juda köpeldi” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz ilatyň ýagyň we unuň satylyp başlanmagyna begenýändigini belleýär.

Onuň tassyklamagyna görä, nobata duran adamlaryň arasynda ilatyň bir litr ýag üçin begenýän derejede garyplaşandygyny belläp, halkyň häzirki ýagdaýyna gynanýandygyny aýdýanlar hem bar.

Ýatlatsak, Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda 17 manatdan bahalanan günebakar ýagynyň bir litriniň bahasy birden 30 manada ýokarlandy.

Şondan soň häkimiýetler döwlet dükanlarynda we käbir söwda nokatlarynda günebakar ýagynyň satuwyny çäkli möçberde 18 manatdan seýrek ýola goýup başlady.

Türkmenistanda dörän agyr işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy we durmuşyň yzygiderli gymmatlamagy ýeňillikli bahadan goýberilýän harytlaryň hyrydarynyň barha köpelmegine getirýär.

Bu aralykda, Maryda goýun etiniň bahasy duýdansyz 40% gymmatlady. Sebitdäki habarçymyzyň 3-nji dekabrda beren maglumatyna görä, bir kilogramy ozal 46 manatdan satylan goýun eti indi 64 manatdan satylyp başlandy.

“Ozal köp adam sygyr eti gymmat diýip, goýun etini satyn alýardy. Indi goýun etiniň hem gymmatlamagy, ilatyň bazar sebedine agram salýar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Sebitde sygyr etiniň nyrhy durnukly bolup, onuň bir kilogramy 60 manat bahalanýar.

Goýun etiniň gymmatlamagynyň sebäpleri barada ýerli söwda resmileri, şol sanda bazar administrasiýasy tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär.

Et söwdagärleri gymmatlamany goýunyň bahasynyň ýokarlanandygy bilen düşündirýärler.

Ýerli maldarlaryň we çopanlaryň birnäçesi şu ýyl goýun we geçileriň, guzularyň müňlerçesiniň näbelli keselden ölendigini, häzir olaryň sanynyň azalandygyny belleýär.

“Bu ýagdaý olaryň bahasynyň ýokarlanmagyna getirýär” diýip, maryly çopan anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkanyň we Marynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda söwda resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Bu ýagdaýlar, prezidentiň Bitaraplyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurduň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini tabşyran mahalyna gabat geldi. Serdar Berdimuhamedow bu barada 2-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda belläp geçdi.

Türkmenistan şu ýyl 12-nji dekabrda ýurt garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy
Aşgabadyň söwda merkezindäki 'arzan' geýim söwdasy polisiýanyň gatyşmagyna getirdi
Türkmenabatda adam başyna iki buhankadan köp satylmaýar, nobat köpelýär
Maryda günebakar ýagynyň çäkli satuwy ýola goýuldy, Lebapda ilatyň nägileligi “artýar”
Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi
2024 - Türkmenistanda pasport almaga islegleriň we kynçylyklaryň güýçlenen ýyly