Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar

Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar

Şu günler Balkanyň häkimiýetleri welaýat derejesindäki “soňky jaň” dabarasyny geçirmäge taýýarlanýar. Balkanabat şäher kitaphanasynyň öňünde geçiriljek bu dabara, geçen ýyllardan tapawutlykda, diňe milleti türkmen bolan uçurymlar gatnaşmaly edildi.

Häkimiýetleriň täze karary, köpmilletli ilatly welaýatyň köp ýaşaýjysynyň arasynda nägilelik döretdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Her ýyl orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylar üçin welaýat derejesinde geçirilýän “soňky jaň” dabarasyna gatnaşjak uçurymlary ibermek barada welaýat bilim bölümi tarapyndan mekdeplere dil üsti bilen tabşyryk gelip gowuşdy” diýip, ýerli bilim işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Balkanabadyň 1-nji, 2-nji, 10-njy, 24-nji we 26-njy mekdeplerine hem-de Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy, 13-nji we 26-njy mekdeplerine gelip gowşan tabşyryga laýyklykda, bilim edaralarynyň her birinden şu ýyl mekdebi tamamlaýan, milleti diňe türkmen bolan göreldeli okuwçylaryň üç sanysyny dabara ugratmaklyk soralýar.

“Bu dabara welaýat boýunça 200 sany uçurymyň gatnaşdyryljakdygy we olaryň ählisiniň diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar bolmalydygy bellenildi” diýip, balkanabatly mugallym belledi.

Balkanabat we Türkmenbaşy köpmilletli ilatly şäherlerdir. Bu şäherlerde türkmenler, ermeniler, ruslar, lezginler, azerbaýjanlar we başga milletleriň wekili bolan müňlerçe adam ýaşaýar.

Türkmenbaşynyň ýokarda ady agzalan mekdepleriniň birnäçe mugallymy geçen ýyllarda bu dabaralar üçin okuwçylaryň milletiniň soralmaýandygyny aýdyp, bu tabşyrygy eşiden gazak, azerbaýjan, ermeni, rus we lezgin milletinden bolan bilim işgärleriniň gaty nägile bolandygyny belledi.

“Bu tabşyryk tiz wagtda ähli welaýata eşidilip, etniki azlyklaryň wekillerini gaty lapykeç etdi.Dabara başga milletleriň çagalarynyň gatnaşdyrylmazlygyna näme diýip düşünmeli?! Ähli etniki azlyklar 100 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda ýaşap gelýärler.

Hatda Türkmenistan döwleti döredilmänkä, territoriýa bölünişiginde Türkmenistanyň çäginde galan milletler 500 ýyl bäri bu ýerde ýaşap gelýärler.Häkimiýetleriň soňky çäreleri, indi bu milletlere “ýurtdan göçüp gidiň” diýen syýasatdan başga zat däl” diýip, etniki gazak milletinden bolan balkanly mugallym anonim şertde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat Bilim müdirliginden, şol sanda agzalan mekdeplerden resmi teswir alyp bilmedi.

Bellesek bu, günbatar welaýatda beýleki milletleriň wekilleriniň hukuklarynyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan çäklendirilmegi bilen bagly soňky dört aýdan hem az wagtyň dowamynda ýüze çykan ikinji wakadyr.

Fewral aýynyň başynda sebitdäki habarçylarymyz Balkanabatdaky we Türkmenbaşydaky toýlarda başga dillerdäki aýdymlary ulanmagyň gadagan edilendigini, diňe türkmen-aýdym sazlarynyň çalynmagynyň talap edilip başlanandygyny habar berdiler.

“Restoranlarda toýlar diňe türkmen aýdym-sazlaryny aýtdyryp, alnyp barylmaly we toý dabaralary türkmen däbine görä geçirilmeli. Täze durmuş gurýanlara bu barada olar toý etjegini hasaba alýan bölüme ýüz tutanlarynda dilden duýduryş berilýär” diýip, Türkmenbaşydaky çeşmämiz gürrüň beripdi.

Türkmenistanda beýleki milletleriň wekilleriniň öz däp-dessurlaryny berjaý etmek, öz dilinde bilim almak ýaly hukuklary onýyllyklaryň dowamynda çäklendirilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň “jyns taýdan kemsitmäni ýazgarýandygyny we halklaryň arasynda özara düşünişmek syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny” aýdýarlar. Muňa garamazdan, ýurtda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleri etnik sebäplere görä hukuklarynyň bozulmagyndan zeýrenýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Soltan Aşgabadyň islendik ýerine tagamlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Oýun meýdançasy bolan Soltan Loft restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guraýar
Berkarar SDAM-daky Soltan restorany tort taýýarlamak boýunça sargytlary kabul edýär