Balkanda toýlarda diňe türkmen sazlaryny we Arkadag aýdymlaryny aýtdyrmaga rugsat berilýär

Balkanda toýlarda diňe türkmen sazlaryny we Arkadag aýdymlaryny aýtdyrmaga rugsat berilýär

Türkmenistanyň günbatarynda, köpmilletli ilatly şäherlerde toýlarda başga dillerdäki aýdymlary ulanmak gadagan edilip, diňe türkmen-aýdym sazlarynyň çalynmagy talap edilidi. Mundan başga-da, rugsat berilen saz repertuarynyň arasynda häkimiýetler öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryna aýratyn üns berilmeli talap edýär.

Balkanabat we Türkmenbaşy köpmilletli ilatly şäherlerdir. Türkmenler, ermeniler, ruslar, lezginler we başga milletleriň wekili bolan müňlerçe adamyň ýaşaýan bu uly şäherlerde indi toý üçin pleýlist düzülende, her kim häkimiýetleriň talaplaryny göz öňünde tutmaly we diňe türkmen dilinde aýdym saýlamaly.

"Restoranlarda toýlar diňe türkmen aýdym-sazlaryny aýtdyryp, alnyp barylmaly we toý dabaralary türkmen däbine görä geçirilmeli. Täze durmuş gurýanlara bu barada olar toý etjegini hasaba alýan bölüme ýüz tutanlarynda bu barada dilden duýduryş berilýär" - diýip, Türkmenbaşydaky çeşme 31-nji ýanwarda habar berdi.

Toý salonlarynyň, banket zallarynyň we restoranlaryň işgärleri hem täze talapdan habarly.

Azatlyk bilen adynyň agzalmazlygy şertinde gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, soňky birnäçe toý täze talaplara laýyklykda geçirilipdir.

"Restoran eýeleri aýdymlaryň 80% -iniň türkmen dilinde bolmagyna gözegçilik edýärler. 'Kuştdepdini çalýarlar. Mundan başga-da, öňki prezidentiň [Gurbanguly Berdimuhamedowyň] "Sen diýip aglar" we "Saňa meniň ak güllerim" ýaly hersi 7 minutlyk uzyn aýdymlaryny DJ iki gezek oýnamaga mejbur boldy" - diýip, restoranlaryň biriniň işgäri aýtdy.

Türkmenbaşyda we Balkanabatda ýaňy-ýakynda toýlara gatnaşan ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, dürli milletleriň wekilleri bolan ýaş çatynjylar we myhmanlar düýbünden başga aýdym-saz isläpdi, emma olaryň başga dillerde, şol sanda öz dillerinde aýdym diňlemegine ýol berilmändir.

"Türkmen toý aýdymlaryny we Kuştdepdini aýtdyrdylar, hemmeler şol sazlarda tans etmeli boldular" - diýip, toýlaryň biriniň myhmany gürrüň berdi.

Soňky toýlara gatnaşanlaryň aýdyşyna görä, aýdym-saz mejburlygyndan başga-da, toý alyp baryjysynyň çykyşynda yzly-yzyna prezidentiň adyna öwgüli sözler edilipdir.

"Stoluň başynda türkmenler, ruslar we ermeniler bardy. Biziň hemmämiz toýda däl-de, döwlet çäresinde oturan ýaly duýduk. Hemmämiz döwletiň biziň şahsy durmuşymyza şeýle bir goşulmagyndan gaty närazy bolduk" diýip, Türkmenbaşynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Türkmen ýolbaşçylarynyň şahsyýet kulty bilen bagly mejburlyk toý otaglarynyň bezeglerinde hem duýulýar. Öňki prezident we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň ogly - häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň köpsanly portreti toý mekanlarynyň ähli ýerlerinde ýerleşdirilýär.

Hatda toý dabarasynyň özi-de prezidentiniň portretiniň fonunda geçirilýär.

Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultynyň agdyklyk etmegi Türkmenistanda durmuşyň ähli ugurlarynda göze ilýär.Olaryň portretleri ähli edaralarda we jemgyýetçilik ýerlerinde asylýar, mekdeplerde çagalaryň arasynda, metjitlere ynanýanlaryň arasynda, döwlet edaralarynda işgärleriň arasynda olara bolan söýgi we hormat mahabat edilýär.

Ilat kitaplaryny okamaga we ýazan aýdymlaryny aýtmaga mejbur bolýar. Öňki ýyllarda döwlet edaralarynyň işgärlerinden Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryny jübi telefonlary üçin jaň hökmünde ulanmak talap edilýärdi.

Türkmenistanda beýleki milletleriň wekillerinden türkmen däp-dessurlaryny berjaý etmek we türkmen milli eşiklerini geýmek talaby köp ýyl bäri saklanyp gelýär.

Hususan-da, Daşoguzda we Lebap welaýatlarynda köplük bolup ýaşaýan etniki özbekler medeni hukuklardan we däp-dessurlardan mahrum bolýarlar. Olara toýlarda özbek aýdymlaryny ýerine ýetirmek gadagan edilýär, olardan dabaralarda türkmen dilinde aýdym aýtmak we türkmenleriň milli eşiklerini geýmek talap edilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň “jyns taýdan kemsitmäni ýazgarýandygyny we halklaryň arasynda özara düşünişmek syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny” aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, ýurtda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleri ençeme ýyl bäri etnik sebäplere görä hukuklarynyň bozulmagyndan zeýrenýärler we türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň olaryň bilim almak we iş edinmek mümkinçiliklerini düýpgöter çäklendirýändigine ünsi çekýärler.

Şeýle-de etnik toparlaryň wekilleri şahsyýet resminamalaryny alanda öz raýatlyklaryny “türkmen” hökmünde görkezmäge mejbur bolýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dejavu Täze ýyl oturylyşyk agşamlaryna çagyrýar
Dejavu restorany baýramçylygy lezzetli tagamlar bilen bellemäge çagyrýar
Fransuz restorany Dejavu DJ bilen aýdym-saz agşamyny taýýarlaýar
Awazadaky Soltan restorany: ajaýyp aşhanalar we deňiz kenaryndaky dynç alyş gurşawy
Dejavu restoranynda fransuz äheňindäki tomus agşamlary
Awazada täze Soltan restorany açyldy