Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda sarygetirme, gyzamyk keselleri ýüze çykdy. Balkan welaýatynda keselçilik zerarly mekdebe gatnaýan çagalaryň sany esli azaldy. Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri günbatar welaýatyndaky ýagdaý barada 30-njy oktýabrda maglumat berdiler.
Türkmenbaşynyň tas ähli mekdeplerinde we çagalar baglarynda şu günler gatnaýan çagalaryň sany syrkawlyk sebäpli azyndan üçden bir bölek azalypdyr. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň maglumatyna görä, mekdebe gatnamaýanlaryň köpüsi sarygetirme we dem alyş ýollaryndaky keseller bilen syrkawlan çagalar.
Welaýatyň bilim we saglygy saklaýyş resmileri keselçilik bilen bagly ýagdaýy resmi derejede agzamaýan hem bolsalar, häkimiýetler ýagdaýy üns merkezinde saklaýarlar.
Balkanly çeşmelere görä, Balkanabadyň şäher mekdeplerinde saglyk ýagdaýy sebäpli okuwa gatnamaýan okuwçylaryň sanynyň köpelmegi welaýat we etrap bilim bölümleriniň üns merkezine düşüpdir.
"Balkan welaýatynda mekdep we mekdebe çenli bilim edaralaryny barlamak üçin Bilim ministrliginden 50-den gowrak barlag topary welaýata 10 günlik iş saparyny amala aşyrýar. Başlangyç klas okuwçylarymyz sarygetirme, ýokary synyp okuwçylar bolsa, gyzamyk we gribiň agyr görnüşleri bilen syrkawlap, öýlerinde we hassahanalarda bejergi alýarlar" diýip, ýerli bilim wekili anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Balkanabatly çeşmeleriň aýtmagyna görä, şäher mekdeplerinde geçirilen barlaglaryň netijesinde, mekdep müdirlerine käýinç berlipdir. Barlagçylar "mekdeplerdäki işler talabalaýyk däl" diýip, netije çykarypdyr. Emma çeşmeler barlagçylaryň esasy nägileliginiň çagalaryň sanynyň azlygy bilen bagly bolandygyny belleýärler.
"Ol dümew, sarygetirme we gyzamyk her ýyl güýz-gyş aýlarynda her ýyl bolýar. Kesellän çagalaryň okuwa gatnamagy howply. Ýokanç keselli we wirusly okuwçylary mekdebe getirsek, her mekdepde azyndan bir müň okuwça ýokaşmak töwekgelçiligi döreýär. Bilim ministrliginiň wekilleri bu zatlara düşünmek islemeýärler" diýip, balkanly ýene bir bilim wekili aýdýar.
Ozalky ýyllarda welaýatlaryň orta mekdeplerine Aşgabatdan barlag baranda mugallymlaryň näsag çagalaryň hem mekdebe baryp, görünmegini soran halatlary barada mälim boldy. Şeýle-de, barlagçylaryň mekdebiň işine gowy baha bermegi üçin mugallymlardan we çagalardan pul toplanyp, para bermek ýaly ýagdaýlar ýörgünli bolupdy. Bu barada Azatlygyň habarçylary ozalky ýyllarda ençeme gezek habar beripdi.
Emma balkanly çeşmeler şu sapar teklip edilen paranyň netije bermändigini belleýärler.
"Her ýyl ikinji çärýek başynda barlagçylar her mekdebe baryp, 'pajyny' alyp oňat baha berip, beýleki mekdeplere geçip giderdiler. Bu sapar her mekdep 30 müň manat para ýygnap berdi, ýöne [barlagçylar] alan paralaryna kanagat etmän, ähli mekdeplerden kemçilik tapyp, ýazdylar" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Öz tarapyndan lukmanlar keselçiligiň ýaýramagyna howanyň üýtgäp durmagyny, şeýle-de okuw jaýlarynda hem-de çagalar baglarynda gigiýena talaplarynyň kadaly berjaý edilmeýändigini sebäp hökmünde görkezýärler.
29-njy oktýabrda Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynyň çagalar baglaryna alynýan çagalaryň sanynyň bolmalysyndan iki esse köpdügini, çagalaryň dyklyşyp oturmaly we ýatmaly bolýandygyny habar beripdi.
Türkmenistanda sarygetirme keseliniň tutaşmagy barada tomus aýlarynda hem habar berlipdi.
Iýul aýynda Maryda lukmanlara ýüz tutýan çagalaryň köpelendigi, olaryň aglabasyna sarygetirme diagnozynyň goýulýandygyny, welaýatyň ýokanç keselleri hassahanalarynda bejergi alýan çagalaryň köpelendigini Azatlygyň habarçylary maryly lukmanlara salgylanyp habar beridi. Şonda keseliň esasan çagalar baglarynda ýaýraýandygy aýdylypdy.
Maryly saglyk işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, käbir halatlarda sarygetirme garamyk we gyzamyk ýaly keseller bilen hem utgaşýar.
Gyzamyk soňky bir ýylyň dowamynda tutuş Merkezi Aziýada uly meselä öwrüldi. Käbir halatlara ölüm howpuny döredýän keselçiligiň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça resmi çäreleriniň ençemesini yglan eden beýleki ýurtlardan tapawutlylykda türkmen hökümeti problemany hatda açyk agzamady.
Türkmenistan ýurtda ýokanç keselleriň resmi statistikasyny çap etmeýär. Ýurtda ýokanç keselleriň wagtal-wagtal tutaşýan halatynda Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz media serişdeleriniň berýän habarlaryna türkmen resmileri tarapyndan hiç hili reaksiýa hem görkezilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.