Balkan welaýatynyň migrasiýa edaralary raýatlaryň biometriki pasport almak üçin resminamalaryny garaşylmadyk ýagdaýda nobatsyz we dessine kabul edip başlady. Beýle ýagdaý soňky dört ýylyň dowamynda ilkinji gezek bolýar.
Bu waka, Azatlyk Radiosynyň raýatlaryň pasport almakdaky kynçylyklary barada yzygiderli çap eden maglumatlarynyň we halkara adam hukuklary toparlarynyň türkmen häkimiýetlerini pasport bermekdäki çäklendirmeleri sebäpli tankytlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
“13-nji ýanwardan başlap migrasiýa edaralarynda nobat, žeton almak meselesi doly aradan aýryldy. Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki şahamçalarynda biometriki pasportlar üçin resminamalary hiç hili nobatsyz dessine kabul edilip başlandy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy munuň soňky dört ýylyň dowamynda ynanyp bolmajak täzelikdigini hem belledi.
Türkmenistanyň raýatlary 2021-nji ýylyň başyndan bäri biometriki pasportlary almakda kynçylyk çekýärler. Türkmenistanlylaryň daşary döwletlere gitmegi we ýurda dolanyp gelmegi üçin zerur bolan pasporty almak üçin raýatlar ençeme aý ýa-da bir ýyl öňünden nobata durmaly bolýardylar.
Şu hepde Balkanabatdaky we Türkmenbaşydaky migrasiýa edaralaryna baryp gören sebitdäki habarçymyz bu ýerlerdäki uly nobatlaryň aradan aýrylandygyny aýdýar.
“Adamlar resminamalary tabşyrmak üçin nobata durup, žeton almaýarlar. Olar gelip, resminamalary getirip, tabşyraýmaly ekeni. Soňra adamlar migrasiýa işgärleriniň aýdan gününde baryp, pasport almaly ekeni” diýip, habarçymyz şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda sebitiň migrasiýa edaralary 2025-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne çenli milleti türkmen bolan raýatlara nobat üçin žeton bermegi togtadypdy. Şonda migrasiýa edaralary diňe welaýatdaky etniki azlyklaryň wekillerine biometriki pasportlar üçin 2026-njy ýyla nobat žetonlaryny berdiler.
Migrasiýa işgärleri resminamalaryň birden nobatsyz kabul edilip başlanmagynyň sebäbi barada raýatlara jikme-jik maglumat bermeýärler. Ýöne sebitiň migrasiýa edaralarynyň birinde işleýän çeşmämiz bu täzelegiň sebäbini “ýokardan gelen tabşyryk” bilen düşündirýär.
“Gelýän adamlaryň ählisiniň resminamalarynyň, olaryň sanynyň näçedigine garamazdan, bir günüň dowamynda kabul edilmelidigi barada tabşyryk geldi” diýip, çeşmämiz belledi.
Balkanly ýaşaýjylaryň ençemesi dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde hem, resminamalary tabşyrmak üçin, 500 ABŞ dollary möçberinde para soran käbir migrasiýa ofiserleriniň indi örän mylakatly gürleşýändigini hem aýdýar.
Şol bir wagtda, olar bu ýagdaýyň, hususan-da, resminamalary nobatsyz tabşyryp, pasport almak ýeňilliginiň uzaga çekmejeginden howatyrlanýarlar.
Azatlygyň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan we onuň sebitdäki şahamçalaryndan resmi görnüşde teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň dört ýyl bäri dowam edýän biometriki pasport almakdaky kynçylyklary we munuň sebäpleri barada häzire çenli aç-açan mesele gozgamaýar. Bu barada, adatça bolşy ýaly, resmi metbugat hem dymýar.
Ýöne bu kynçylyklar, koronawirus pandemiýasy döwründe ýapylan serhetleriň gaýtadan açylyp başlanmagy bilen, 2021-nji ýylyň başynda daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň köpelen mahaly güýçlenip başlady. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, barha köp raýat gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýär.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar pasport almakdaky böwetleriň adamyň raýat we adam hukugyny depeleýändigine we Türkmenistanyň öz boýnuna alan halkara borçnamalaryny bozýandygyna ençeme gezek ünsi çekip, türkmen hökümetini tankytladylar.
Human Rights Watch guramasynyň 16-njy ýanwarda ýaýradylan 2025-nji ýyldaky Bütindünýä hasabatynda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň käbir raýatlaryň daşary ýurda gitmegini esassyz we sebäpsiz gadagan etmegi dowam etdirendigi we daşary ýurtlardaky konsullyklarynda täze pasport bermekden ýüz öwrendigi nygtalýar.
Guramanyň geçen ýylyň 11-nji noýabrynda çap edilen beýanatynda bolsa, türkmen hökümetiniň adamlaryň daşary ýurtlara syýahat etmek erkinligine yzygiderli görnüşde gatyşýandygy aýdylypdy.
Türkmenistan daşary ýurtlara işlemäge, okamaga ýa-da ýaşamaga gidýän türkmen raýatlarynyň sany baradaky statistikany köpçülige mälim etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.