Balkanda prezidentiň ejesiniň we enesiniň propagandasy ýaýbaňlanýar

Balkanda prezidentiň ejesiniň we enesiniň propagandasy ýaýbaňlanýar

Balkanyň häkimiýetleri Balkanabat şäherinde köpçülikleýin çäreleriň ýene birini geçirmäge taýýarlanýar. Taýýarlyklara zenan býujet we sungat işgärleri mejbury gatnaşdyrylyp, çärede prezidentiň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň we enesi Ogulabat ejäniň propagandasyny etmäge taýýarlyk görülýär.

Bu waka, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat ejäniň döredendigi aýdylýan “alajalaryň hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralynyň” Döwlet muzeýine sowgat berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin ýene köpçülikleýin çäre geçirilýär. Balkanabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky sazly drama teatrynda geçirilýän bu çärä taýýarlyklar hepdäniň duşenbe gününde geçirilip başlandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

11-nji awgustda geçiriljek çärä welaýatyň ähli etraplaryndan býujet işgärleri we görnükli zenanlar, şol sanda Zenanlar birleşiginiň işgärleri, at gazanan halyçylar, köp çagaly eneler we aýdym-saz toparlary gatnaşdyrylýar.

“Çärede prezidentiň ejesine bagyşlanyp aýdymlar aýdylýar, Ogulgerek halypa halyçy, milletiň ejesi’ ýaly şygarlar batlanýar. Şeýle-de, prezidentiň enesiniň döredendigi aýdylýan alajalaryň we guralyň, olaryň döwlet muzeýine berilmeginiň waspy edilýär” diýip, welaýatyň sungat işgärleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

3-nji awgustda resmi media Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Ogulabat ejäniň "döreden alajalaryny hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny” Döwlet muzeýine sowgat berendigini habar berdi. Resmi media alajalary we guraly “täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary” häsiýetlendirdi.

Býujet işgärleriniň ençemesi öň prezidentiň we onuň kakasynyň, indi olaryň maşgala agzalarynyň wagzynyň ýaýbaňlandyrylýandygyny aýdyp, mejbury çärelerden nägile bolýar.

“Ogulabat ejäniň ören alajalaryndan has gowularyny döredýän zenanlar bar, ýöne olaryň waspy edilmeýär. Telewideniýe Berdimuhamedowlary wasp etmegiň guralyndan başga zat däl” diýip, balkanly býujet işgäri aýtdy.

Türkmenbaşyly býujet işgärleri 200 kilometr uzaklykdaky şäherde geçirilýän taýýarlyk çärelerine her gün gidip-gelmek meselesini hem öz maddy serişdeleriniň hasabyna çözmeli bolýarlar.

“Biziň etrapdan dürli pudakda işleýän 35 sany zenan her gün taýýarlyk çäresine gatnaýar. Biz her gün irden sagat 6-da takside gidýäris. Her birimiz diňe bir tarapymyza 50 manat ýol çykdajy edýäris” diýip, türkmenbaşyly býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň, Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň häkimliklerinden, Zenanlar birleşiginden we agzalýan teatrdan kommentariý alyp bilmedi.

Ogulabat Berdimuhamedowa şu ýylyň 7-nji aprelinde 86 ýaşda aradan çykdy. Munuň yz ýany, ýurduň metjitlerinde din wekilleri merhumyň hormatyna aýat-töwir okamak we Gurhan kitabyny hatm etmek bilen borçlandyryldy. Şonda maryly ýaşaýjylar özlerine mejbury ýas tutdurulýandygyny gürrüň beripdiler.

Şondan bäri Ogulabat Berdimuhamedowa türkmen metbugatynda “milli gymmatlyklaryň döwrebap derejede ösdürilmegine goşant goşan şahsyýet” hökmünde wagtal-wagtal wagyz edilýär.

Türkmen metbugaty on ýyldan gowrak wagt bäri öňki prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimehamedowy we atasy Berdimuhammet Annaýewi hem şöhratlandyrýar. Türkmenistanda Mälikguly Berdimuhamedowyň adyna medal döredildi, Berdimuhammet Anaýewiň ady şäherçelere we harby mekdebe dakyldy.

Soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär.

Dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Balkanda ýene mejbury çäre geçirilip, G.Berdimuhamedow wasp edildi
Mirziýoýew we Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti bilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler, belarus žurnalistleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan mediaforuma çagyryldy we beýleki habarlar
Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy
Ogulgerek Berdimuhamedowa gaýynenesiniň nesillere miras goýan gymmatlyklaryny Döwlet muzeýine gowşurdy
OGULABAT EJÄNIŇ DÖREDEN TÄSIN AMALY-HAŞAM SUNGATYNYŇ NUSGALARY DÖWLET MUZEÝINE SOWGAT BERILDI