
Türkmenistanda daşary ýurtlara syýahat etmek üçin biometrik pasportyna eýe bolmaga isleg bildirýänleriň sany köpelýärkä, migrasiýa gulluklarynda nobatlar artýar. Hususan-da, Balkan welaýatynda pasport nobatlary indiki ýyla çenli uzapdyr, birnäçe aýlyk arakesmeden soň žeton almak düzgüni ýola goýlupdyr.
"3 aýdan soň ýene nobatyň döremegi, žetonlaryň girizilmegi adamlary lapykeç edýär. Apreliň başyndan girizilen žeton nobaty gysga wagtyň içinde 2026-njy ýylyň ýanwaryna baryp ýetdi" diýip, migrasiýa gullugyndaky ýagdaýdan habarly balkanly çeşme aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler migrasiýa gullugynyň Balkan welaýatyndaky şahamçalarynyň ählisinde ýagdaý birmeňzeşdigini, emma Gyzylarbat we Balkanabat şäherlerinde pasport nobatlarynyň has uludygyny aýtdylar.
Balkan welaýatynda, ýurduň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, soňky ýyllarda uly pasport nobatlary saklanýardy. Emma şu ýylyň başynda raýatlaryň biometriki pasport üçin resminamalary nobatsyz kabul edilip başlanypdy.
Bu döwrüň dowamynda, balkanly çeşmelere görä, sebitde müňlerçe adam pasport almak üçin ýüz tutupdyr.
"Geçen 6 aýyň dowamynda welaýat boýunça 25 müň raýata zagran pasport bermek üçin resminamalary kabul etdik. Zagran pasport üçin blanklary ýetişdirip bilemzok. Prezident administrasiýasyndan golaýda barlag gelip, zagran pasport bermegi azyndan 80% azaltmagy tabşyrdy" diýip, balkanly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi we "döwlet halkynyň daşary ýurtlara gitmegini islemeýär" diýip sözüniň üstüne goşdy.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky döwürde býujet işgärleriniň arasynda işini meýletin terk edip, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmeginiň köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny habar berip gelýärler.
"Wezipeli müdirler we olaryň orunbasarlary, ady belli wraçlar, bank işgärleri, awtopark ýolbaşçylary we baş inženerler hem wezipelerini taşlap, daşary ýurtlara zähmet çekmäge gidip başladylar" diýip, döwlet edarasynda işleýän balkanly çeşme 18-nji aprelde gürrüň berdi.
Golaýda işini terk eden lukman öz kararyny ýurtda perspektiwa görmeýändigi bilen düşündirdi: "Men çagalarymyň gelejegini bu ýurtda görmeýärin. Günbatar ýurtlarda çagalarymy okatjak, özüm işlejek. Maşgalamy hem alyp gitjek".
Para 'meşhurlygy' saklanýarŞol bir wagtda-da, ýerli çeşmeler para bilen pasporty gysga wagtda, adatça bir aýda almak mümkinçiligiň saklanandygyny we paranyň mukdarynyň öňküsi ýaly 500 amerikan dollaryna barabardygyny bellediler.
Para berip pasport almaga isleg bildirýänler az däl ýaly görünýär.
"Zagran pasporta näçe manat para berip bolsa-da, ýurtdan bir gün ir gitseň bähbit bolýar. Gowulyga tarap görünýän zat ýok. Geçen ýyl 55 manatdy bir kilogram etiň bahasy, häzir 100 manada et tapyp bolmaýar. Inflýasiýa ýokary. Aýlyklar hakykatda 5% artdy, emma Arkadagyň gaznasyna we beýleki tutumlara her aýda aýlygymyzyň 40% alynýar" diýip, balkanly býujet işgäri aýtdy.
Türkmenistanda minimal aýlyk şu ýylyň başyndan 1400 manat çemesi hasaplanýar, emma iş ýüzünde eline düşýän puly 1000 manatdan geçmeýän aýlykly býujet işgärleri hem bar. Bu resmi kurs boýunça 285,7 amerikan dollaryna, gara bazaryň nyrhy boýunça 50 dollara barabar.
Türkmenistanlylaryň bir bölegi ýurdy terk etmek isleglerini ýurtda işe ýerleşmek kynçylyklary bilen düşündirýän bolsalar, beýlekileri öz iş şertleriniň agyrdygyny, aýlyklaryň bolsa ýaşamak üçin ýeterlik däldigini aýdýarlar.
"Goý näme etseler, şony etsinler. Gije-gündiz işläp 150 dollar aýlyk bilen men işlejek däl" diýip, balkanly lukman özi ýaly kärdeşleriniň hem ýurdy terk etmek hereketine başlandygy, birnäçesiniň eýýam daşary ýurtlara gidendiklerini aýtdy.
Türkmenistanyň raýatlarynyň biometriki pasportlary edinmekdäki kynçylyklary 2021-nji ýylyň başyndan bäri hasam güýçlendi. Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara gidip-gelmegi üçin zerur dokumenti almagyň nobatlary bir ýyldan aşyp, iki ýyla uzan pursatlary hem boldy.
Türkmenistan öz raýatlaryna syýahatçylyk dokumentini diňe ýurduň içinde berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.