Balkanda iki hepde çemesi wagt bäri töleg terminallary işlemeýär, bankomatlara nagt pul goýulmaýar

Balkanda iki hepde çemesi wagt bäri töleg terminallary işlemeýär, bankomatlara nagt pul goýulmaýar

Balkan welaýatynda iki hepdeden gowrak wagt bäri töleg terminallary işlemeýär, şeýle-de bankomatlarda nagt pul goýulmaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, şeýle-de sebitiň ähli etraplarynda 18-nji iýundan bäri bankomatlara nagt pullaryň goýulmandygyny habar berýär.

Bank we maliýe pudagynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde sebitdäki nagt ýetmezçiligini tassyklady.

“Welaýatda soňky 15 gün bäri nagt ýetmezçiligi emele geldi, soňky iki ýylyň dowamynda bu derejede gytçylyk bolmandy” diýip, maliýe işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, bank we maliýe pudagynyň işgäriniň at-familiýasyny agzamakdan saklanýar.

Onuň sözlerine görä, maýyň ortalaryndan bäri, sebitde hereket edýän hususy we döwlet edara-kärhanalarynda girdejileriň pes bolandygy habar berilýär we bu ýagdaý welaýatyň çäginde emele gelen nagt ýetmezçiligine esasy sebäp hökmünde görkezilýär.

“Ýangyç, söwda, syýahatçylyk, gurluşyk we saglygy goraýyş pudaklarynda, şol sanda myhmanhanalarda, ýangyç guýujy beketlerde, hassahanalarda soňky bir ýarym aýdan gowrak wagtyň dowamynda girdejiler örän pes boldy. Bu görkezijiler öňki aýlar bilen deňeşdirilende girdejileriň ondan birine barabar boldy” diýip, maliýe pudagynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sebitdäki nagt ýetmezçiligi ilatyň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň tölenilýän pursatlaryna, şeýle-de dowam edýän galla möwsüminiň fonunda, gallaçylar bilen hasaplaşyk işleriniň geçirilýän döwürlerine gabat gelýär.

“Welaýat resmileriniň Türkmenistanyň Merkezi bankyndan, Aşgabatdan eden nagt pul haýyşlary hem kanagatlandyrylmady” diýip, maliýe işgäri gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Merkezi bankyndan hem-de Balkan welaýat häkimliginden teswir alyp bilmeýär. Redaksiýanyň bu ugurda 5-nji iýulda iş gününiň tamamlanýan wagtyna çenli eden teswir almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda pensiýalar, döwlet kömek pullary we edara-kärhanalarda işgärleriň zähmet haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Döwlet býujeti Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň serişdelerini öz içine alýar.

Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, ýerli býujetler, şol sanda welaýat býujetleri salgytlaryň we beýleki gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna emele getirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan maliýe pudagynyň işgärine görä, Merkezi bankyň ýolbaşçylary Gaznanyň girdeji meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, sebitde hasaplaşyk-töleg terminallarynyň öçürilmegini kararlaşdyrypdyr.

“Türkmenstandartlary Baş döwlet gullugy tarapyndan barlag geçirilýär bahanasy bilen, ähli terminallary ýygnap aldylar” diýip, maliýe pudagynyň işgäri gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçymyzyň maliýe pudagyndaky ygtybarly çeşmesiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy sebitde ýygym kassalary bolan ähli edaralardan, şol sanda Döwlet Salgyt gullugynyň ýerli şahamçalaryndan, ýangyç pudagyna degişli ýerli edara-kärhanalardan sebitiň maliýe üpjünçiligini özbaşdak çözmegi talap edýär. Çeşmäniň sözlerine görä, ol şeýle teklipleri telefon üsti bilen Balkan welaýatynyň häkiminiň dykgatyna ýetiripdir.

“Ýygym kassasy bolan ähli pudaklarda 1 manat girdeji bolsa, öz meseläňizi özüňiz çözüň!” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysynyň aýdan sözlerini sitirleýär.

Bu aralykda, nagt ýetmezçiliginiň arasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy şäherinde pensionerleriň dört gün bäri bankomatlara gatnap, pensiýa haklaryny nagtlaşdyrmaga synanyşýandyklaryny habar berýär.

“Gojalaryň durmuş goraglylygy onsuz hem pes. 800-1200 manat pensiýa haky dermanhanalardaky dermanlaryň, bazarlardaky egin-eşikleriň, hassahanalardaky tölegleriň bahalary bilen deňeşdirilende gaty pes, örän ujypsyz. Pensionerler hem ýaş wagtynda döwlet bähbidiniň ugrunda zähmet çeken adamlar. Olar häzir pensiýalaryny nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňünde ýatyp turýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda ozalky ýyllarda bankomat nobatlary yzygiderli gaýtalanýardy. Ýöne soňky ýyllarda şeýle ýagdaýlar seýrekleşdi. Balkan welaýatynda emele gelen soňky ýagdaýlar bankomat nobatlarynyň hem-de nagt ýetmezçiliginiň täzeden başlanandygyny görkezýär.

Türkmenistanda töleg terminallaryň işi bilen bagly problemalar hem ýurduň maliýe pudagynda alnyp barlan digitallaşdyrma tagallalarynyň fonunda köp gaýtalandy. Türkmenistanda nagt däl tölegler Merkezi bankyň elektron töleg ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile
Mary: Býujet işgärleri ýatymlyk pagta ýygmaga ugradylýar
Gazagystanda ýokary däne hasylyna garaşýarlar
Mary welaýaty pagta ýygymyna taýýar
Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär
Mary welaýatynda şu ýyl 200 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär