
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde häkimiýetler býujet işgärleri we ýerli ýaşaýjylar bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Duşuşyklarda olardan içerki we daşarky syýasata aralaşmazlyk, garaşsyz neşirleri islendik görnüşde yzarlamazlyk talap edildi. Ýygnaklaryň birinde bu aýdylanlary sorag astyna alan bir ýaşaýjy ýerli polisiýa tarapyndan soraga çekildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“Geçen şenbe güni, ýagny 15-nji fewralda ýerli häkimiýet wekilleri halk we býujet işgärlerini ýygnap, olar bilen nobatdaky wagyz-nesihat, öwüt-ündew çärelerini geçirdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu duşuşyklar şäheriň iri ýygnak geçirilýän zallarynda, häkimligiň, teatryň we mekdepleriň mejlisler zallarynda we medeniýet öýlerinde geçirildi.
Giň gerime eýe bolan wagyz-nesihat çärelerinde häkimiň ylym, bilim, medeniýet boýunça orunbasarlary, kazyýet we Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleri, il ýaşululary çykyş etdiler.
“Olar bir bada alty topara bölünip, her bir topar birnäçe ýygnagy geçirdi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir býujet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Balkanabadyň iri mekdepleriniň biri bolan we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylan görnüşde okadýan 10-njy mekdepde 15-nji fewralda günortan geçirilen ýygnak, beýlekiler bilen deňeşdirilende, has-da çekeleşikli boldy.
“Hökümet wekilleri mekdebiň ýerleşýän sebitindäki kwartal ýaşaýjylarynyň ençemesini bu ýygnaga çagyrdy. Hökümet wekilleri halkyň soroglaryna jogap berip bilmän, ýygnagy wagtyndan öň durzup, dargamak bilen boldular” diýip, ýygnaga gatnaşan býujet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýygnaga gatnaşan birnäçe ýaşaýjynyň we býujet işgäriniň sözlerine görä, kazyýet wekili raýatlardan “içerki we daşarky syýasata aralaşmazlygy, daşary ýurtlarda Türkmenistany garalaýan metbugat sahypalaryna tomaşa etmezligi, olara laýk basmazlygy, 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň sakgal goýmagyna ýol bermezligi” soraýandygyny aýtdy.
“Ol hatda bu ýokardan edilýän talap’ diýdi” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Kazyýet wekiliniň bu aýdanlaryndan soň, ýygnaga çagyrylan şäher ýaşaýjylarynyň biri häkimiýet wekillerine şeýle soraglar bilen ýüzlendi:
“Ýurtda halk syýasata goşulmasa, onda halkyň aladasyny etmeýän döwlet ýolbaşçysy emele gelmezmi?Demokratik döwletde Internet, söz, din erkinligi, islän adam özüniň daşky görnüşini özi islän görnüşde üýtgetmek hukugyna eýe diýlip, ýurduň Konstitusiýada we Jenaýat, Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodekslerinde bellenilýär.
Aýdan zatlaryňyz bu kanun namalarda aýdylanlara gabat gelmeýär.Onda bu kanun namalary ýatyryň.Bir adama tabyn bolup, ilki durmuş asyrlarynyň ýaşaýyş şertlerine geçeli”.
Ýerli ýaşaýjy sözüni dowam etdirip, “onda ýurdy doly ýapyň, Interneti hem ýapyň, adamlar sakgal goýmasyn, dine hem uýmasyn, diňe soňky 35 ýylda gurlan döwlet ýolbaşçylarynyň heýkellerine baş egip, daşlara we suratlara sežde etsinler” hem diýdi.
“Ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat döwletlerde heýkellere gül goýup, baş egýän ýekeje Türkmenistan bolsa gerek.Hormatly ýygnak geçiriji häkimiýet agzalary bizlere heýkeller toplumy ýa-da mermer şäher deregine kadaly durmuş, iýer ýaly çörek, dünýä standartynda aýlyk-günlük beriň.
Aýalym daşary ýurtda zähmet çekýär. Çagalaryň kadaly ýaşamagy üçin her iki ýyldan gezekleşip işlemäge gidýäris.Halk 35 ýyllap hökümetiň owadan geplerini diňläp ýadady, indi halky hökümet diňlemeli wagt gelmedimikä?” diýen sorag bilen, ýerli ýaşaýjy sözüni jemledi.
Ýygnaga gatnaşanlaryň sözlerine görä, häkimiýet wekilleri bir-biriniň ýüzüne seretdiler, ýöne olaryň hiç birinden hiç hili ses çykmady.
“Bolýar, adamlar, ýygnagymyz ýapyk diýip yglan edýärin. Öýleriňize gidiberiň. Başga aýtjak zadymyz ýok diýdi-de, häkimiýet wekilleriniň ählisi ýerinden turup, maşynlaryna münüp gitdiler” diýip, býujet işgäri aýtdy.
Bu wakadan birnäçe sagat geçip-geçmänkä, häkimiýet wekillerine öz garaýyşlaryny beýan eden ýaşaýjynyň öýüne ýerli etrap polisiýasy gelip, “seni MHM soraýar” diýip, ony polisiýa bölümine alyp gidýärler.
“MHM we polisiýa wekilleri oňa türkmenistanlylardan beýle oppozisiýa pikirler çykmaýar, saňa bu sözleri kim öwretdi?daşary ýurtlarda adamlaryň barmy?Azatlyk Radiosyny diňleýärsiňmi?kimler bilen gatnaşýarsyň?
diýen soraglary beripdiler.Oňa onuň özleriniň ýörite sanawyna goşulandygyny hem aýdypdyrlar. Şeýle-de, tutuş gije onuň telefonlaryna çenli hem barlap, ertesi güni irden sagat 8-de goýberipdirler we ony ýene çagyrjakdyklaryny aýdypdyrlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Redaksiýada soraga çekilen ýaşaýjynyň şahsyýetini anyklaýan maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda şäheriň polisiýa bölüminden teswir alyp bilmedi.
Býujet işgärleri häkimiýetleriň nobatdaky wagyz-nesihat çäreleriniň sebäbi barada resmi düşündiriş berilmeýändigini aýdýarlar.
Ýöne Azatlygyň ýerli polisiýadaky çeşmesiniň tassyklamagyna görä, bu çäreler MHM-niň daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň sosial ulgamlardaky sahypalaryny yzarlap, olaryň wideolarynyň aşagynda pikirini ýazýan raýatlaryň käbiriniň anyklanmagy bilen baglanyşykly.
“Bu raýatlar soraga çekildi. Şondan soň, sebitde wagyz-nesihat çäreleri batlandyryldy we Internetiň tizligi peseldi” diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmenistanda sosial torlar, şol sanda YouTube, Instagram, TikTok ýaly ulgamlar petik astynda saklanýar. Raýatlar bu saýtlardan peýdalanmak üçin VPN hyzmatlaryny ulanmaly bolýarlar. Şeýle-de, ýurtda Internetiň tizligi pes, bahasy ýokary bolmagynda galýar.
Muňa garamazdan, soňky ýyllarda ilat arasynda Internet işjeňligi artýar, sosial torlarda öz pikirini beýan edýän, hökümetiň alyp barýan syýasaty barada tankydy garaýyşlaryny paýlaşýan raýatlar göz-görtele köpelýär.
Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler bu raýatlary anyklamak çärelerini güýçlendirýärler. Şeýle-de, olar wagyz-nesihat duşuşyklaryny hem wagtal-wagtal geçirýärler. Şeýle duşuşyklar soňky gezek sebitde geçen ýylyň noýabrynda geçirilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.