Balkanda 'gurply' ýaşaýjylar soraga çekilýär

Balkanda 'gurply' ýaşaýjylar soraga çekilýär

Türkmenistanda maddy ýagdaýy gowurak hasaplanan adamlar güýç edaralarynyň üns merkezine düşýär. Häkimiýetler tarapyndan gurply diýlip hasap edilen raýatlar soraga çekilýär we olardan puluň gelip çykyşy soralýar. Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatyndaky ýagdaý barada maglumat berýärler.

Soňky wagtda güýç edaralary tarapyndan sorag edilen adamlaryň arasynda golaýda awtoulag satyn alan, toý eden, haj zyýaratyna baryp gaýdan, şeýle-de daşary ýurtlarda dynç alan adamlar bar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, häkimiýetleriň ünsüni çeken adamlaryň girdejileri barlanýar. Şeýle çäreler Balkan welaýatynyň ähli etraplarynda alnyp barylýar.

"Balkanabat, Gumdag, Bereket, Magtymguly, Gyzylarbat we Türkmenbaşy etraplarynyň milli howpsuzlyk işgärleri öz hasaplaryna 40-60 müň manat pul töläp haj zyýaratyna baryp gelenleriň, 150 müň manatlyk ýa-da ondan gymmat bahaly ulag satyn alan raýatlaryň, şeýle-de tomus dynç alyşyny daşary ýurtlarda geçiren maşgalalaryň aýlyk we ýyllyk girdejilerini barlap başladylar" diýip, habarçylarymyzyň biri 9-njy awgustda habar berdi.

Ýagdaýdan habarly çeşmeler barlaglaryň MHM-niň işgärleri tarapyndan jikme-jik görnüşde geçirilýändigini aýdýarlar.

"Söwda dükanlaryna eýe bolan telekeçileriň söwda terminallaryny, girdeýji-çykdaýjylaryny jikme-jik öwrenýärler.Ogul-gyzy daşary ýurtlarda zähmet çekip, pul ugradýan bolsa, şol raýatlardan pul geçirýän ulgamlardan ýa-da daşary ykdysady bank hasaplaryndan geçirilen puluň kwitansiýalaryny talap edýärler.

Emma gynansak-da, Türkmenistana resmi ýollardan pul geçirimler tas ýok diýen ýaly, banklar üsti bilen hem pul geçirýän az, sebäbi ugradylan dollara derek diňe resmi kurs bahasyndan manat berilýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme gürrüň berýär.

Türkmenistanda ilat köpçüliginiň durmuş derejesi ýyl-ýyldan pese gaçýar. Çörek nobatlary, dilegçileriň, zibil dörýänleriň, agyr zähmet çekýän çagalaryň köpelmegi, raýatlaryň daşary ýurtlara iş migrasiýasyna gitmek tagallalarynyň güýçlenmegi agyr sosial-ykdysady problemalardan habar berýär. Hökümet problemalary resmi derejede boýun almaýar, emma ilata gözegçiligini we basyşyny artdyrmak bilen çemeleşýär.

"Gumda, dagda ýa-da hojalygynda maldarçylyk, ýyladyşhana ýaly biznesi bilen meşgul bolýan adamlardan hem mal saklamak üçin lisenziýa, weterinar we sanitariýa epidemiologiýa stansiýanyň rugsatnamasy we salgyt töläp-tölemändigi öwrenilýär" diýip, çeşmeleriň ýene biri aýdýar.

Balkanly polisiýa işgäriniň sözlerine görä, soňky wagtda haj zyýaratyna baryp gelenlere üns artypdyr, olardan Saud Arabystanyna eden saparyna degişli ähli maddy çykdajylar barada jikme-jik hasabat soralýar.

"Dürli ykdysady soraglara jogap bermeli bolýarlar, zyýarat eden döwründe Saud Arap döwletinde näme zatlar satyn alyp, näme çykdajy edendikleri barada we ýurda gelenden soň näçe adamy çagyryp sadaka näçe manat çykdajy edendigine çenli soralýar" diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy söhbetdeşleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar.

Soraga çekilýän raýatlar bu basyşdan nägile bolup, talap edilýän kagyzlaryň köpüsiniň özlerinde ýokdugyny aýdýarlar we bank çeklerini görkezip bilmediklere trans-walýuta dolanyşyk jenaýatynda aýyplanmak ýaly haýbatlaryň atylýandygyny belleýärler.

Soraga çekilen balkanlylaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, köpçülikde basyşdan saplanmak üçin pul bermekden başga çäre galmaýar.

"MHM ofiserleri başga etmäge iş tapmansoň, soraga çekilen adamlaryň gapjyklaryndaky pullaryny sanap başladylar" diýip, balkanly söhbetdeşimiz aýtdy.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň häkimiýet wekillerinden we MHM-niň resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň maddy ýagdaýyny gowulandyrmaga çalyşýan we jaý-ulag satyn alýan raýatlara ünsi artdyrandygy, adamlaryň soraga çekilýändigi barada habarçylar şu ýylyň bahar aýlarynda habar beripdi. Soňky ýylda häkimiýetler adamlaryň toý, sadaka geçirmeginiň öňüni almak boýunça çärelerini hem güýçlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgärleriň dykgatyna!
Balkanda bugdaý eken kärendeçiler saman umydyndan kesilýär - çeşmeler
Balkanda un-çörek gytçylygy baradaky habardan soň çörek satuwda peýda boldy
MaryMaşat elektrik geçirijisini maliýeleşdirmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy
Türkmenistan türkmen-eýran serhetlerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi