Anomal tebigy hadysalar Türkmenistanyň çäginde ýygjamlaşdy. Käbir sebitlerde ýaşaýjylar yssydan we gurakçylykdan ejir çekýän bolsa, beýlekilerinde güýçli ýagyşlar gaýtalanýar we sil akymlaryny döredýär.
14-15-nji iýunda Uly Balhan dag gerşinde bolup geçen güýçli ýagyş, Balkan welaýatynyň käbir ýerlerinde sil süýşmegine we suw joşmalaryna sebäp boldy diýip, garaşsyz neşir “Turkmen.news” 19-njy iýunda çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
Şol günler Uly Balhanyň daglarynda we dag eteklerinde we şuňa meňzeş belentliklerde güýçli ýagyşyň bolandygyny “Meteožurnal” neşiri hem habar berdi.
Maglumatda ýerleşdirilen emeli hemra suratlaryna görä, Jebeliň demirgazyk-günbataryndaky giňişliklerde sil we suw joşmalary emele gelipdir. Şeýle-de bolsa, "Meteožurnal" bu ýerden bary-ýogy 30 km uzaklykda ýerleşýän Balkanabatda asla ýagyşyň ýagmandygyny belleýär.
Neşiriň web sahypasynda ýerleşdirilen emeli hemra suratlary, öňki Balhan aýlagynyň düýbünde köp möçberde suwuň toplanmagy sebäpli emele gelen ullakan suw howdanyny görkezýär.
Daglardan inen ýagyn suwlary gadymy Uzboýyň akabasynda we guran Balhan aýlagynyň düýbünde suwuň toplanmagyna alyp bardy we azyndan 50 inedördül kilometrlik giňişlikde Belek we Gara-Teňir demir ýol menzilleriniň arasynda giň suw howdanyny emele getirdi. Şeýle uly suw joşmasy bu sebitiň pesligi we tekizligi sebäpli ýüze çykdy, diýip howa maglumatlaryny ýaýradýan neşir ýazýar.
Şeýle hem maglumatda Jebeliň demirgazyk-günbatarynda giň suw howdanlarynyň emele gelendigi habar berildi.
Neşir şeýle güýçli suw joşmalarynyň Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoluna, M37 awtoulag ýoluna we sebitdäki beýleki ulag hem-de senagat infrastrukturasyna zeper ýetirmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.
Döwlet habar beriş serişdeleri Balkan welaýatyndaky ýagyş we sil barada habar bermedi.
Gurak howaly Türkmenistanda soňky ýyllarda güýçli ýagyşlar ýygy-ýygyndan gaýtalanýar. Birnäçe aýyň dowamynda köpsanly ýagynlar we suw joşmalary ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtda suw basmagyna sebäp boldy.
Maý aýynyň ortalarynda Aşgabatda güýçli ýagyş sebäpli ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerini, merkezi köçelerdäki ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän dükanlary we ofisleri suw basdy. Ondan öň paýtagtyň käbir etraplarynda güýçli ýagyş we buz ýagyp, awtoulaglara zeper ýetirdi.
Türkmenistanyň metbugaty tebigy hadysalar barada habar bermeýär. Häkimiýetler bu mesele barada resmi düşündiriş bermekden saklanýar.
Bu aralykda, amatsyz howa şertlerinden ejir çeken raýatlara kömek bermäge howlukmaýan häkimiýetler, goldaw bermek borjuny berjaý etmegiň ýerine, kömek bermäge synanyşýan raýatlara garşy çykmak tagallalaryny dowam etdirýärler.
Howpsuzlyk edaralary maý aýynyň ortalarynda tebigy betbagtçylykda öýlerine zeper ýeten maşgalalara maddy taýdan kömek bermäge synanyşýan raýatlara haýbat atyp, basyş görkezýär.
“Şu aýda jaýlary zyýan çeken hojalyklara gelip çykyşy boýunça şol obalardan bolup, paýtagtda söwda ministrliginde işleýän we telekeçilik işi bilen meşgullanýan işewür adamlaryň ençemesi özbaşdak kömek edip başlady.
Olaryň käbiri obadaşlaryna pul iberse, käbiri beýleki zatlary, şol sanda gurluşyk harytlaryny iberdi. Ýöne telekeçileriň bu tagallalary uzaga çekmän, bular güýç gulluklarynyň garşylygy we haýbatlary bilen gutardy” diýip, ýagdaýlardan habarly kakaly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri bir birine ýardam berýän raýatlary yzarlamak tejribesini 2020-nji ýylyň adam heläkçilikli tupanyndan soň güýçlendirdiler.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.