Balkanda garaşsyz neşirlere abuna bolan raýatlar soraga çekilip, olara basyş görkezilýär

Balkanda garaşsyz neşirlere abuna bolan raýatlar soraga çekilip, olara basyş görkezilýär

Balkanyň howpsuzlyk gulluklary ýurduň daşynda Türkmenistan barada maglumat çap edýän garaşsyz neşirleriň we oppozisiýa toparlarynyň sosial ulgamlardaky sahypalaryna abuna bolup, olarda öz pikirini beýan edýän raýatlara garşy göreşini güýçlendirdi.

Bu raýatlar Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynda soraga çekilip başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Şu hepde ýerli polisiýa işgärleri TikTok platformasynda türkmen syýasatyna garşy wideolara laýk goýan we Putiniň syýasatyny ýazgaryp, Ukrainany goldap teswir ýazan sosial ulgam ulanyjylarynyň ählisiniň öýüne daňdan wagty duýdansyz baryp, olary MHM-niň ýerli edarasyna alyp gidip başladylar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýakynda dogan-garyndaşlary bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan balkanlylaryň ençemesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, saklanan adamlaryň mobil telefonlary ellerinden alnyp, olar azyndan dört sagat soraga çekildiler.

“Hususan-da, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde saklanan raýatlaryň aglabasy garaşsyz neşirleriň TikTok sosial ulgamyndaky sahypalaryna abuna bolan eken. Olaryň arasynda paýlaşylan maglumatlara bilmän laýk goýan adamlar hem bar” diýip, ýakyn garyndaşy saklanan balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu adamlara bu mesele boýunça birinji gezek saklanýandyklary aýdylyp, olardan düşündiriş ýazmak talap edildi we olara 200 manat jerime salyndy. MHM işgärleri ikinji gezek saklanan raýatlara has agyr jeza beriljekdigini hem duýdurdylar.

Gürrüňdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň hökümetine we onuň alyp barýan syýasatyna garşy teswir ýazan raýatlar aýratyn bölümde soraga çekilip, gynamalara sezewar edildi.

“Aýratynda dört raýatyň gynamalar bilen sorag edilişi, biz gaýdanymyzda hem eşidilip durdy. MHM-e eltilen adamlaryň sany 50-den gowrakdy. Umuman, MHM we polisiýa saklanan adamlaryň ählisi bilen gödek gürleşip, olara paýyş sözleri hem aýtdy” diýip, balkanly ýaşaýjy garyndaşyny sitirledi.

Putiniň syýasatyny ýazgaryp, Ukrainany goldap teswir ýazan sosial ulgam ulanyjylaryndan bolsa, bu baradaky pikirlerini beýan etmejekdikleri hakda dil haty alyndy.

“Soraga çekilen raýatlaryň ählisiniň şu hepdäniň ýekşenbe gününde, ýagny 30-njy iýunda Medeniýet öýünde geçiriljek wagyz-nesihat ýygnagyna gatnaşdyryljakdygy hem aýdylýar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň MHM edarasyndan we Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri raýatlara gözegçiligini yzygiderli güýçlendirip, özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary gözleýärler.

Bu raýatlaryň hataryna garaşsyz neşirlere maglumat syzdyrýan, Internetde ýurt barada tankydy maglumatlary çap edýän, şeýle-de özara söhbetdeşlikde ýa-da köpçülik ýerlerinde hökümet we prezident barada kemsidiji sözleri aýdýan, ýa-da özge pikirli adamlar girýär.

Häkimiýetleriň bu çäreleri soňky aýlarda türkmen halkynyň Internetde we özara duşuşyklarda açyk pikir alyşmalarynyň has işjeňleşýändigi baradaky maglumatlaryň ýygjamlaşan wagtyna gabat gelýär.

Öz raýatlarynyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýän Türkmenistanyň hökümeti ýurtda garaşsyz websaýtlary we sosial ulgamlaryň tas ählisini berk petik astynda saklaýar. Petikli saýtlara diňe VPN ulgamlarynyň üsti bilen girilýär. Bu hyzmatlardan peýdalanýan, özge pikirli raýatlar yzarlanýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygynyň dünýädäki ýagdaýy boýunça 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan bu ugurda 180 ýurduň arasynda 175-nji boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda MHM garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän raýatlary gözleýär
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Türkmenabatda baýramçylyk ýörişi berk gözegçilik astynda geçdi
Russiýa syýahatçylyk wizasy bilen barýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy kynlaşdy
AIW ýokançly adamlar 'ýekirilýän' Türkmenistanda olara medisina kömegini bermegiň tertibi tassyklandy
Balkanda 'gurply' ýaşaýjylar soraga çekilýär