Balkanda dynç alyşdaky býujetçiler ekin meýdanlaryna äkidilýär

Balkanda dynç alyşdaky býujetçiler ekin meýdanlaryna äkidilýär

Balkan welaýatynda oba hojalyk işleri bat alýar. Şu günler pagta meýdanlarynda alnyp barylýan çürtüm işlerine oba hojalyk işgärlerinden başga býujetçiler hem köpçülikleýin çekilýär.

Tomusky dynç alyş möwsümine gabat gelen çürtüm işleri döwlet edaralaryň we kärhanalarynyň işgärlerine agram salýar. Balkan welaýatyndaky býujetçiler dynç almagyň ýerine pagta meýdanlaryna gidip işlemäge mejbur edilýärler.

"Bereket etrabynda mekdepleriň mugallymlary we saglygy saklaýyş pudagynda zähmet çekýänler şu günler çürtüm işlerine gatnaşýarlar. Otpuskada dynç alýan lukmanlar we mugallymlar dynç alyşda bolýandygyna garamazdan, öz ýolbaşçylary tarapyndan gowaçanyň ujuny çürtmek işlerine gatnaşmaga mejbur edilýär" - diýip, Balkandaky habarçymyz 1-nji awgustda habar berdi we çürtüm işleriniň geçen hepdeden bäri alnyp barylýandygy belledi.

Bereketli mugallymlar öz dynç alyş günleriniň soňky 10 gününi pagta meýdanlarynda geçirmeli bolandygyny aýdyp, nägile bolýarlar.

Medisina işgärleriniň sözlerine görä, olaryň oba hojalyk işlerine gatnaşmagynyň 15-20 güne çekjekdigi aýdylypdyr.

Bereketdäki çürtüm işlerine gatnaşýanlaryň arasynda etrap we oba mekdepleriniň ençemesiniň, etrap we oba saglyk öýleriniň işgärleri, şeýle-de jemagat işçileri gatnaşýarlar. Olaryň dynç alyşda bolup-bolmzlygy parh etmeýär. Ekin meýdanlaryna çykmaga mejbur edilýän býujetçiler gowaçanyň çürtim işlerini ýerine ýetirmäge borçly bolýar.

"Etrap merkezinden baryp, ir sagat 7-den agşam 7 çenli gowaça meýdanynda bolýarys. Etrapdaky awtobuslar býujetçileri obalara gatnadýarlar. Obadaky kärdeşlerimiz hem gowaçanyň ujuny çürtmek işine çekilýärler. Howa 45 gradusdan aşýan günleri gowaça meýdanlarynda içmäge suw hem tapman gaty kösenýäris. Öz ýanymyzda alyp baran 3 litrlik suw günortana çenli gutarýar" diýip, etrap merkezinden lukman gürrüň berdi.

Ýagdaýdan habarly ýerli çeşmeler etrap häkimiýetleriniň pagta meýdanlarynda iş güýjüni toplamak boýunça tagallalarynyň ýaňy-ýakynda welaýat häkimi tarapyndan eden tankydynyň yzýanyna gabat gelendigini bellediler.

"Şu günler Türkmenistan, Oboý, Uzyn daýhan birleşiklerinde çürtüm işleriniň gijä galýandygy geçen hepde etraba sapar eden welaýat häkimi tarapyndan tankyt edildi. Düýpli tankytdan soň etrap häkimligi hassahanalarda sanlyja adam goýup, mekdeplerdäki tas ähli işçini gowaça meýdanlaryna ugratdy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle-de bolsa, ynamdar çeşmeleriň ýene biri şu günler pagta meýdanlaryna mejbury ugradylýan býujet işgärleriniň ençemesiniň hususy hojalyklara degişli pagta meýdanlarynda işledilýändigini gürrüň berdi.

"Çarşenbe güni Türkmenistan geňeşliginiň çäginde bir MHM ofiserine degişlidigi aýdylýan 95 gekdar gowaça meýdanynda çürtim işlerini geçirmek üçin etrap saglyk pudagynyň 50-ä golaý işgärini goýdular. Olara ne suw beren boldy, ne-de halyny soran boldy. Adamlar orta asyrlardaky gullar ýaly duýdular özlerini" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Soňky günlerde çürtüm işlerine gatnaşan býujetçileriň ýene biri Azatlyga anonimlik şertinde beren gürrüňinde, mugt güýji hökmünde agyr işledilýän adamlar üçin suw bermek ýaly zerur şertleri berjaý etmek beýlede dursun, adamlaryň hatda telefonlary hem ellerinden alnypdyr.

"Haýsy bir daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlaryna barsak, 'plany prokurora degişli', ýa-da 'MHM-a degişli' diýýärler.Gowaça meýdanlary 100 gekdar bolsa, gapdalyndaky 100 gekdar gawun-garpyz meýdanlary. Ýöne şunça adam işleýär diýip, ne gawun-garpyz berýärler, ne-de suw hödürleýärler. Özümiz otpuskada bolsak-da, dynç almagyň ýerine bizi mugt işletdiler.

Suwsuz tas ölüpdik.Telefonlar bolanok, surata düşüräýmäň diýip, telefonlarymyzy ýygnap aldylar" diýip, balkanly gürrüň berdi.

Balkan welaýaty Türkmenistanda iň az pagta ekilýän regionydyr. Mundan birnäçe ýyl ozal türkmen hökümeti gündogar welaýatyň howa şertleriniň aýratynlygy sebäpli bu ýerde pagta ýetişdirmegi amatsyz hasaplap, pagta ekmegi azaldyp, şugundyr ýaly önümleri artdyrypdy. Bu býujetçileriň mejbury zähmete mejburlygyny azaltmady. Olar şugundyr, kartoşka we beýleki önümleriň ekerançylyk işlerine yzly-yzyna çekilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

AIW ýokançly adamlar 'ýekirilýän' Türkmenistanda olara medisina kömegini bermegiň tertibi tassyklandy
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Lebabyň Onkologiýa hassahanasy talaba laýyk bejergi berip bilmeýär’