Balkanda döwlet üçin sogan eken kärendeçiler 'uly zyýana galýar'

Balkanda döwlet üçin sogan eken kärendeçiler 'uly zyýana galýar'

Azatlygyň ýerli habarçysy geçen ýyl Balkan sebitinde güýzlük sogan eken kärendeçi daýhanlaryň uly zyýana galandygyny, bu zyýanyň döwletiň jogapkär wezipelerinde oturan adamlaryň gerek boljak gök, bakja önümleriniň hasabyny öňünden dogry çykaryp bilmezligi bilen baglydygyny habar berýär.

Sogan eken daýhanlar bu ekini öz islegleri esasynda däl, mejbury ýagdaýda ekipdirler. Özüni Kerim diýip tanadan kärendeçi sogan şertnamasyndan zyýan çeken daýhanlaryň diňe biri we häkimiýetleriň öz sözünde durmazlygy onlarça maşgalany uly zyýana goýdy.

Garrygala, Gyzylarbat, Bereket etraplarynyň kärendeçi daýhanlarynyň aýtmaklaryna görä, her daýhan birleşiginde, döwlet tabşyrygy esasynda, daýhanlar 20 gektardan sogan ekmäge mejbur edildi. Döwlet, daýhan birleşikleri daýhanlara ne tohum ne tehnika ýardamyny berdi diýip, anonimlik şertinde gürleşen kärendeçiler özleriniň häkimiýetleriň günäsi bilen kyn ýagdaýa salnandyklaryny öňe sürdüler.

Olaryň sözlerine görä, sogan ekmek we ýetişdirmek üçin edilen ähli çykdajy, çekilen zähmet daýhanyň hasabyna boldy, adamlar sogan satyp, eden azaplarynyň hözirini göreris öýtdüler. Emma olaryň bu tamasy çykmady.

Döwlet bilen kärendeçileriň baglaşan şertnamasynda soganyň döwlet satyn alyş bahasy her kilogramyna 6 manat diýlip bellenilipdi, emma maý aýynyň başynda, meýdanlarda ýetişen sogan hasyly ýygnalyp başlanda daýhanlar öz soganlarynyň bu bahadan alynmajakdygyny bilip galdylar.

“Hasyl ýetişmezinden öň bazarda her kilogramy 10 manatdan satylýan soganyň bahasy birden arzanlap, 2 manada çenli aşak düşdi. Döwlet bilen baglaşylan şertnama kagyz bolup galdy, ylalaşyk öz manysyny ýitirdi” diýip, özüni Kerim diýip tanadan kärendeçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, daýhanlar bilen şertnama baglaşan daýhan birleşikleri, häkimlikler kärendeçilere olaryň döwlet tabşyrygy esasynda ýetişdiren soganlaryny “indi satyn alyp bilmejekdiklerini” aýdypdyrlar.

Şol bir wagtda-da, daýhanlar sogan eken her gektar ýerleri üçin 2900 manatdan hökümetiň ýer pajyny tölemeli edilipdir.

“Bazarda iki manatdan satylyp başlansoň, bazar satyjylary soganmyzy lomaý aljak bolup, 1 manatdan sorap gelýär” diýip, Gyzylarbatda sogan eken Kerim aýtdy.

Häkimlik tarapyndan boýna dakylan’ sogan şertnamasy Kerimiň döwlet tabşyrygy esasynda gowaça ekýän 10 gektar ýeriniň ýarysyny, 5 gektaryny aldy we ol bu ekin üçin özüne ne tohum, ne dökün, ne-de tehnika berlendigini aýtdy.

Hökümet mejlislerinde döwlet tabşyrygy esasynda ekin ekýän kärendeçileriň tohum, dökün, suw we tehnika üpjünçiligi barada näçe gürrüň edilse-de, bu üpjünçilik, gelýän habarlara görä, ýönekeý, arkasyz diýilýän daýhanlara kän ýetdirmeýär.

“5 gektar ýeriň sürümi üçin 12500 manat çykdajy etdim, tohum üçin 3 müň manat, dökün üçin 5 müň manat, suw tutmak we otag, beýleki ideg işlerine, ýygym işlerine hem giden çykdajy etdim. Bularyň üstüne döwlete tölenmeli ýer pajyny hem goşmaly” diýip, Kerim özi ýaly sogan eken kärendeçileriň çeken zyýanyny düşündirdi.

Ol sogan üçin giden bergi edendigini, döwlet kilogramyna 6 manat tölemek barada şertnama baglaşan soganyny bolmanda 5 manatdan almasa, bu işden peýda görjek kärendeçiniň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, deňeşdirmek üçin aýdylsa, şu wagt Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda sogan 1,5 we 2 manatdan satylýar, emma pomidor 25, kartoşka 10, hyýar 11, bolgar burç 20 manatdan satylýar, diňe sogan arzan diýip, daýhanlar aýdýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan kärendeçileriň tassyklamagyna görä, olaryň daşary ýurtlara erkin ekin satmak ygtyýary ýok, erkin birža hem ýok, daýhanlary goldamak barada aýdylýan sözler boş, kagyz ýüzündäki zatlardan hiç bir netije çykmaýar.

Şu aralykda, Türkmenistanyň hökümet başlygynyň 13-nji maýda geçiren iş maslahatynda esasan oba hojalygyndaky möwsümleýin işleriň barşyna seredildi. Ýöne Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow gowaça meýdanlaryna tutulýan gögeriş suwundan başlap, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyga çenli, köp zat barada aýtsa-da, kärendeçileriň düşen agyr ýagdaýy barada hiç zat aýtmady.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň “Kärende hakyndaky” kanunynyň 19-njy maddasy bu kanunyň bozulmagynda günäkär bolan şahslaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýändigini belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile
'Hormatly Prezident' propagandasy bugdaýy däl, 'dilegçilik edýän çagalary köpeldýär'
Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy
Çeşme: Lebapda bir aýda ondan gowrak adam öz janyna kast etdi
Dalaşgärleriň dykgatyna!
Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar