Balkanda dört raýatda "omikron tapyldy", çäklendirmeler has-da güýçlendirilýär

Balkanda dört raýatda "omikron tapyldy", çäklendirmeler has-da güýçlendirilýär

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda koronawirusyň ýaýramagyna garşy girizilen karantin çäklendirmeleri has-da güýçlendirilip başlandy. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan saglyk işgäri munuň sebäpleriniň Gazagystandan gelen türkmen raýatlarynda COVID-19-yň "omikron" görnüşiniň tapylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Bu waka ýurduň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen prezidentiniň "omikronyň" serhetden geçmeginiň öňüni almagy buýuran mahalyna gabat geldi.

Balkandaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 22-nji dekabrdan başlap Türkmenbaşydan Aşgabada uçjak ýolagçylardan bir saparda iki sany COVID-19 testini tabşyrmak talap edilýär.

Şeýle-de täze talaplara laýyklykda, iki testiň möhleti-de 24 sagatdan geçmeli däl. Her bir testiň bahasy 101 manada barabar bolup, ýolagçylar Aşgabada uçmak üçin uçar biledinden başga-da 202 manat çykdajy etmeli bolýar. Mundan ozal ýolagçylardan bir test tabşyrmak talap edilýärdi we onuň möhleti 72 sagada deňdi.

Habarçymyz täze talaplardan soň, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň şäherdäki bölüminde adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigini hem aýdýar.

Onuň sözlerine görä, 22-nji dekabrda günüň birinji ýarymynda bu ýerde 400 çemesi adam nobata durdy. Ýöne bu bölüme gündelik gelýän testleriň sanynyň azlygy sebäpli ähli adam test tabşyryp bilmedi.

"Her gün 200 test gelýär. Uçara münjek adamlaryň sany 300-e ýetýär. Sebäbi Türkmenbaşydan Aşgabada günde iki sany uçar reýsi bar. Şeýlelikde, diňe uçara münjek adamlar üçin günde 600 sany test gerek bolýar" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme habarçymyza gürrüň berdi.

Ol tanyşy bolan raýatlaryň test netijeleriniň ýarym günde, ýogsa-da 10 sagatda taýýar bolýandygyny hem sözüne goşdy.

"Şu gün irden, 22-nji dekabrda Aşgabada uçýan raýatlaryň arasynda 24 sagatdan öň test tabşyran ýolagçylar uçara goýberilmedi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aeroportuň bir işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenbaşynyň deňiz portunda hem üstaşyr ýükleriň karantin şertleriniň kynlaşdyrylandygyny aýdýar.

"Bu ýere gelen ýüklere goşmaça zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek talap edilýär. Öň 50 litr hlorly ergin bilen zyýansyzlandyryş işleri geçirilen bolsa, indi 100 litr ulanylýar. Şeýle-de, olaryň karantin möhleti uzaldylyp, onuň üstüne ýene 48 sagat goşuldy. Deňiz porty harytlary indi 21 gün däl-de, 23 gün karantinde saklaýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme habarçymyza aýtdy.

Çäklendirmeleriň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada resmiler tarapyndan aç-açan beýanat edilmeýär. Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan saglyk işgäri munuň sebäpleriniň Gazagystandan gelen türkmen raýatlarynda COVID-19-yň "omikron" görnüşiniň tapylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Bekdaş karantin zonasynda Gazagystandan gelen dört raýatymyzda COVID-19-yň "omikron" görnüşi anyklandy" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly lukman anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Balkanly lukman mundan iki hepde çemesi ozal türkmen-gazak serhet geçelgesiniň açylandygyny we Gazagystanda galan türkmen raýatlarynyň ýurda geçmegine rugsat berlip başlanandygyny hem belledi.

Ýöne ol türkmen raýatlarynda wirusyň "omikron" görnüşi tapylandan soň, serhet geçelgesiniň gaýtadan ýapylandygyny hem nygtady.

"Häzir welaýatyň demirgazyk etraplaryndaky ýokanç keseller hassahanalarynda koronawirus bilen kesellän raýatlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň portuna ýük daşaýan gämileriň işçileriniň azyndan 100 sanysy bejergi alýar" diýip, ol sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna we Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna "omikronyň" serhetden geçmeginiň öňüni almagy buýuran mahalyna gabat geldi.

21-nji dekabrda geçirilen iş maslahatynda döwlet baştutany "bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtap, bu ýokançlaryň ýurtdan-ýurda adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýandygyny" belledi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde COVID-19-yň hasaba alynmandygy baradaky öňe sürmelerini tutanýerlilik bilen dowam etdirýärler. Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýerli saglyk işgärleri Türkmenistanyň koronawirusyň ençeme tolkunyny başdan geçirendigini, ilkinji hadysalaryň baryp 2020-nji ýylyň martynda hasaba alnandygyny aýdyp gelýärler.

Soňky aýlarda BSG-niň wekilleri hem, Türkmenistanyň öz serhet çäginde koronawirusyň ýokdugy baradaky öňe sürmesine iki gezek şübhe bildirdi.

Bu aralykda, Lebap welaýatyndaky habarçymyz hem, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň sebite edýän sapary tamamlanandan soň, çäklendirmeleriň gaýtadan güýçlendirilmegine garaşylýandygyny habar berýär.

"Täze "Ak bazarda" dikilen ähli pawilýonlar sökülip, ol ýene karantine ýapylar. Etrapdan gelen söwdagärler hem öýlerine gaýdar. Bu bazar diňe prezidentiň oglunyň gelip görmegi, döwlet telewideniýesine wideo reportaž taýýarlamak üçin açyldy" diýip, bazar işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Uçarda doglan çaga haýsy ýurduň raýaty bolar?
Uçara meňzeş howa ulagy bilen hüjüm guramak islän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Has uzak aralyga uçar
Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
Gorky nädip döreýär?
Uçarda hödür edilýän tagamlar satuwa çykaryldy