
Balkanda şu günler daşary ýurtlarda ýaşap, zähmet çekýän garyndaşlary bolan býujet işgärlerine basyş edilýär. Lebap welaýatynda zähmet migrasiýasyna gitmekçi bolýan ýaşaýjylar ýurduň daşyna çykmakda kynçylyk çekýär.
Daşary ýurtlarda zähmet çekýän garyndaşlary bilen baglylykda basyş astyna düşýän we jogapkärçilige çekilýän türkmenistanlylaryň sany soňky wagtda köpelipdir.
Azatlygyň Balkandaky habarçysy we birnäçe çeşmesi bu ýagdaýyň ýüze çykmagynyň raýatlaryň öz ýakynlaryna daşary ýurtlara wiza almak üçin beren kepillik hatlary bilen baglydygyny aýdýarlar.
"Daşary ýurtlara gitjek adamlar üçin býujet edarasynda işleýän iki garyndaşy öz işleýän ýerinden resminama we bankdan aýlyk fakturasy, iş kitapçasyndan nusga bilen daşary ýurda çykýan ýakynlaryna kepil bolýandygyny notariusda tassyklamaly edilipdi. Şu sebäpden indi yzyna dolanmaýan garyndaşlary üçin jogapkärçilige çekilýän býujetçiler köpeldi" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Daşary ýurda, hususan-da, Türkiýä syýahat etmekçi bolýan raýatyň yzyna gaýdyp geljegini kepil geçmek düzgüni 2022-nji ýylyň aýagynda girizilipdi. Kepil geçýän şahs hökmünde, adatça, syýahat etmek isleýän adamyň garyndaşlaryndan biri bolýar. Ol döwlet edarasynda işlemeli we daşary ýurda giden adamyň wizada görkezilen wagt möhletiniň dowamynda gaýdyp geljekdigini kepillendirýän we notarius tarapyndan tassyklanan hat bermeli.
Böwetlere garaman, ýurtdan gidýärlerKepillik hatyny almagyň kyn işdigine öz ýakynyna kepil geçýän adamdan edilýän talabyň uludygyna garamazdan, daşary ýurtlara gidýänleriň sany barha köpelýär diýip, çeşmeler belleýär we olaryň arasynda býujet edaralarynda jogapkär wezipelerde işleýänleriň hem bardygyny aýdýar.
"Daşary ýurtlara gidýänleriň sany köpeldi. Balkan welaýatynda belli mekdepleriň müdirleri we orunbasarlary öz wezipelerini taşlap daşary ýurtlara zähmet çekmäge gidýärler. Welaýatdaky belli lukmanlar hem ýurdy terk edip, daşary ýurtlara zähmet çekmäge gidip başladylar. Ýerli kanun goraýjylar we häkimlik işgärleri bolýan zatlardan haýrandygyny aýdýarlar. Bu bolşy ýaly dowam etse, ýurtdaky barja kadrlardan aýrylarys diýýärler" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, häkimiýetler zähmet migrasiýasynyň möçberiniň öň görlüp eşidilmedik derejede artmagyny resmi taýdan boýun almasalar-da, adamlaryň ýurdy terk etmeginiň öňüne böwet salmak üçin çäre görmeli bolýarlar. Kepillik haty ýaly býurokratik düzgünler hem çäreleriň biri diýip, migrasiýa edarasyndaky çeşme belledi:
"Türkmenistanly ilatyň ýarysy ýurtda iş tapman kösenýär. Bagty çüwen daşary ýurtlara gidýär. Öň Türkmenistanda işe girmek üçin para berýärdiler, indi alajyny tapyp, ýurtdan gitmek üçin para berýärler" diýip, çeşme aýdýar.
Ýurtdaky işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy, azyk gytçylygy ýaly agyr sosial-ykdysady problemalar hökümet tarapyndan resmi derejede boýunça alynmaýar we talaba laýyk çözgüt hödürlenmeýär.
Şeýle-de, türkmenistanlylar halk köpçüliginiň häkimiýetleriň gözegçiliginden we gadagançylyklaryndan ýadandygyny belleýärler.
"Awtokrat döwletinde internete girmek hem gorkuly, VPN ulanmak hem gorkuly. Hassahanalarda şepagat uýalary we sanitariýa işgärleri işe baran badyna telefonlaryny tabşyrmaly. Türmede ýaşan ýaly bu ýurdyň sistemasy" diýip, ýene bir balkanly çeşme aýtdy.
Ýurduň daşyna çykmak kynçylygyny Lebaply ýaşaýjylar hem başdan geçirýärler.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysy soňky birnäçe aý bäri daşary ýurtlardan, esasan-da Russiýadan dolanan ýaşaýjylaryň ýurtdan çykmagyna resmi düşündirişsiz gadaganlyk girizilýändigini habar berdi.
Russiýa barýanlar ýurtdan çykarylmadyMart aýynda Russiýadan dolanyp gelen türkmenabatlynyň sözlerine görä, täze pasport almak üçin ýüz tutan raýatlaryň köpüsi çaltrak pasport edinmek üçin para bermäge kaýyl bolýarlar we adatça 500 dollar para bilen 15 günüň içinde pasport alýarlar.
Emma soňra daşary ýurda çykmakda kynçylyk döredýär. “Moskwa gitmek üçin Daşkentden uçjak boldum, emma meni Farap serhedinden goýbermediler.Sebäbini hem düşündirmediler” diýip, soňky bäş ýylyň dowamynda Russiýada ýaşaýan türkmenabatly gürrüň berdi.
Şu aýda Russiýadan dolanan çärjewli student okuwyny dowam etdirmek maksady bilen pasportyny täzeläp, Özbegistanyň üsti bilen Russiýa gitmekçi bolupdyr.Emma ol hem serhetde yzyna ugradylypdyr: “Uçara bilet alyp, Aşgabatdan uç diýdiler.
Aşgabadyň howa menzilinde bolsa meni raýat eşigindäki adamlar aýratyn otaga alyp soraga çekdiler.Soňra yzyna goýberdiler.Migrasiýa gullugyna ýüz tutanymda, maňa howpsuzlyk gulluklary seniň daşary ýurda çykmagyňa gadaganlyk girizipdir’ diýip aýtdylar” diýip, student gürrüň berdi.
Bu çäklendirmeleriň anyk sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenabatly kanun goraýjysy bu gadaganlygyň sebäbiniň soňky döwürde garaşsyz habar serişdelerinde Russiýanyň goşunlarynyň düzüminde Ukraina söweşe iberilen türkmen raýatlary baradaky habarlaryň köpelmegi bilen baglanyşykly bolup biljekdigini belledi. “Belki-de şonuň üçin goýbermeýändirler” diýip, çeşme aýtdy.
Türkmen hökümeti ýyllarboýy raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmagyny kynlaşdyrýan administratiw we syýasy päsgelçilikleri girizýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.