Balkan welaýatynda awtomobil ýangyjynyň gytçylygy emele geldi, şol bir wagtda ýurduň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük ulaglaryna satylýan dizeliň möçberi 150 litr hökmünde çäklendirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi.
Ýerli ýaşaýjylar ýangyç gytçylygynyň ýylyň başyndan bäri duýlup başlanandygyny, ýöne soňky wagtlarda bu meseläniň has-da ýitileşendigini aýdýarlar.
“Ýylyň başynda A92, A95 WE EKO93 görnüşli benziniň gytçylygy emele gelip başlady. Ýangyç beketlerinden benzin almak üçin ortaça bir sagat çemesi nobata garaşylýardy” diýip, günbatar welaýatdan bolan bir awtoulag eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Ýöne şu hepdäniň şenbe, duşenbe günlerinden başlap, bu ýagdaý has-da ýitileşdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Balkan welaýatynyň administratiw merkezi bolan Balkanabat şäherine degişli ýangyç beketleriniň birinden benzin almagy başaran bir ýerli sürüji 20 litr ýangyç almak üçin özüniň para hökmünde’ 20 manat goşmaça töleg tölemäge mejbur bolandygyny gürrüň berdi.
“Häkimligiň ýangyç bekedinden tanyş üsti bilen, 20 manat para berip, benzin aldym. Beýleki beketlerde ir sagat 8-den başlap, nobatlar döräp başlaýar. Uly nobat. Benzin bir sagada ýetmän gutarýar” diýip, balkanabatly sürüji aýdýar.
“Her bir ulaga 5 litr benzin guýup berýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.
Ýagdaýdan habarly çeşmeler ýangyç ýetmezçiliginiň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan abatlaýyş işleri bilen ilteşdirilýändigini aýdýarlar.
“Nebiti gaýtadan işleýän iri zawodlar toplumynda käbir enjamlaryň näsazlygy sebäpli, A92 we A95 benzinleriniň önümçiligi wagtlaýyn togtadylypdyr. Desgada bir aý bäri alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň tamamlaýjy tapgyrdadygy aýdylýar. Şol sebäpden, ätiýaçdaky ýangyjyň azalmagy gytçylyga getiripdir” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýurduň iň iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýerleşýär.
Resmi maglumatlara görä, toplumda awtomobil ýangyjynyň A80, A92 we A95 görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, şol sanda az kükürtli, wodorod bilen arassalanan dizel ýangyjy şeýle-de, EKO4 we EKO5 dizel ýangyjy öndürilýär.
Türkmenistanyň ýangyç resmileri 2024-nji ýylyň tomsunda bu desganyň kuwwatynyň artdyrylýandygyny, onuň çäginde suwuklandyrylan gazy saklamaga niýetlenen terminalyň giňeldilýändigini habar berdiler.
Iki ýyl ozal 80 ýyllygy bellenip geçilen bu desgada öndürilen önümler içerki bazarlarda “Türkmennebitönümleri” müdirligine degişli ýangyç beketlerine iberilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerinde ýygy-ýygydan gaýtalanýan ýangyç gytçlygy barada yzygiderli habar berip gelýärler.
Türkmenistan awtomobil ýangyjynyň bahasy boýunça dünýäde öňdäki ýurtlaryň hatarynda galýar. Bu ýurtda EKO93 kysymly awtomobil ýangyjynyň bir litri 2 manatdan, A95 ýangyjynyň litri 1 manat 50 teňňeden, A92 benzini 1 manat 35 teňňeden, A80 benzini 1 manat 15 teňňeden, şeýle-de dizel ýangyjy 1 manatdan satylýar.
Bu aralykda, Balkan welaýatynyň ýangyç beketlerinde ýurduň çäginden üstaşyr geçýän ulaglara dizel ýangyjynyň satylmagy çäklendirildi.
“Ýurduň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük ulaglaryna täze limit girizildi. Öňler her bir ulaga döwlet bahasyndan 1,5 tonna çenli dizel berilýärdi, häzir bir daşary ýurt ýük ulagyna bir günüň dowamynda 150 litr dizel ýangyjy guýlup berilýär” diýip, balkanly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Halkara ýük ulaglary Hazaryň ýakasynda ýerleşýän sebitde Türkmenistan bilen Gazagystan arada ýerleşýän “Bolaşak” serhet geçelgesiniň üsti bilen, şeýle-de Eýran bilen Türkmenistan arada ýerleşýän “Inçeburun” gümrük geçelgesiniň üsti bilen halkara ulag geçelgelerinden peýdalanyp bilýärler. Şeýle-de, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna ýük daşaýan ýük ulaglary hem Balkan welaýatynyň çäginden geçýärler.
Türkmenistanyň ýangyç beketlerinde halkara ýük ulaglaryna uly möçberlerde dizel ýangyjynyň satylmagy mundan ozal hem ýerli ýaşaýjylar tarapyndan üns merkezine çekilipdi.
Geçen ýylyň fewralynda Lebap welaýatynyň ýangyç beketlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ýerli sürüjiler, şol döwürlerde hem ýüze çykan ýangyç gytçylygynyň arasynda, beketlere paýlanýan dizel ýangyjynyň agramly böleginiň läheň ýük ulaglaryna satylýandygyny gürrüň beripdiler.
Sürüjilere görä, Türkmenistanda ýangyjyň bahasy arzan bolansoň, halkara ýük ulaglary mümkin boldugyndan ýangyç baklaryny Türkmenistanyň çäginde doldurmaga ýykgyn edýärler.
Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän ýurtlar nebit ýataklaryna baý bolup, içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar.
Türkmenistanyň ýangyç resmileri soňky ýyllarda ýurtda ýygy-ýygydan gaýtalanýan ýangyç gytçylygy barada resmi düşündiriş ýa-da beýanat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.