Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär

Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär

Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň kölegede 50 gradusa çenli golaýlamagy netijesinde, beýleki nogsanlyklar bilen birlikde, adamlaryň jan-saglygy babatynda hem ýiti meseleler ýüze çykyp başlady. Türkmen häkimiýetleri aşa yssy howa şertleriniň ýetirýän zyýany barada maglumat bermän, döwlet telewideniýesi arkaly pasylyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmegi we günüň ýiti şöhlesinden goranmagy’ maslahat bermek bilen çäklenýärler.

Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň maglumatyna görä, welaýatyň dürli sebitlerinde hem uly adamlaryň, hem-de çagalaryň arasynda güýçli içgeçme ýaýraýar.

“Howanyň gyzmagy bilen, welaýatyň Akdaş, Gyýanly ýaly ençeme sebitinde adamlarda wirusdan bolýan diareýa ýaýraýar. Muňa ýoluganlarda güýçli ysmazlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, aşgazandaky agry, täret bilen gan iriňiň gelmegi ýaly alamatlar bolýar” diýip, howpzulyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli maşgala lukmanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Adynyň efirde üýtgedilip Zöhre diýlip tutulmagyny soran 40 ýaşlaryndaky lukman diňe öz bolýan sebitinde bu wirusa onlarça adamyň ýolugandygyny, şeýle-de bulara hökmany stasionar bejerginiň berilmelidigini, ýagny keselhana ýerleşdirilmelidigini aýtdy.

“Keselçilik gaty agyr geçýär. Wirusly diareýada beýleki proseduralar bilen birlikde aşgazan ýuwulmaly, asma erginler arkaly gan arassalanmaly we antibiotikler berilmeli. Munuň çykdajysy ortaça 2 müň manada golaýlaýar. Gynansak-da, gündelik çöregi alada bolup duran ilatyň aglabasynda bu pullary çykarmaga hiç hili ýagdaýy ýok” diýip, balkanly Zöhre nygtady.

Ol eger-de içgeçmesi bolan ýaşuly adamlara gyssagly bejergi berilmese, munuň pajygaly netijeleriniň bolup biljekdigini hem duýdurdy.

Lukman Zöhre çagalarda hem içgeçmäniň giňden ýaýraýandygyny, käbir halatlarda bolsa keselçiligiň sarygetirme bilen utgaşýandygyny mälim etdi.

“Gynansam-da, çagalary goramak boýunça ýeterlik alada edilmeýär. Biz diňe ene-atalara jokrama yssyda perzentlerini daşary çykarmazlygy maslahat berýäris. Wirus bilen kesellän körpeleriň gatnan çagalar baglary hem bir hepdelik ýapylýar we dezinfeksiýa işleri geçirilýär” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Azatlyk Türkmenistana, köçeleriň asfaltyny hem eredýän, çenden aşa yssy howanyň aralaşmagy netijesinde, adamlaryň jan-saglyk ýagdaýlarynyň agyrlaşmagy bilen birlikde, köpçülikleýin gyrylýan mallar, ilatyň ýitileşýän elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy barada yzygiderli habar berip gelýär.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri we resmi media bular barada dymmagy saýlap alýarlar. Munuň deregine, “Watan” habarlar gepleşiniň howa maglumatlary bölüminiň soňunda, hiç hili aýdyňlaşdyryjy jikme-jikler berilmezden, Türkmenistanda “hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmek maslahat berilýär”.

Galyberse-de, ýurduň esasy “Türkmenistan” gazetiniň 1-nji iýuldaky sanynda yssy howa şertleri bilen baglylykda, “Tomsuň lezzetli içgileri” atly ýeke-täk bir makala çap edildi. Onda “lukmanlaryň tomus günlerinde adamyň günüň dowamynda azyndan 2-3 litr çemesi suw içmelidigini belleýändigi” nygtalýar. Mundan başga yssy howa şertleri bilen baglylykda özge hiç zat aýdylmaýar.

Howa şertlerine gözegçilik edýän Meteožurnal internet neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda ýyllaryň aşa yssy gelmegi ýygjamlaşýar we 100-135 ýyl aralygyndaky iň yssy ýyllaryň köpüsi soňky birnäçe ýyla düşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Maýmyn Mamasy Wirusy Türkiýede Ýok
ABŞ-da Omikron Sebäpli 1600-dan Gowrak Uçar Sapary Bes Edildi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili saglyk görkezmelerini berjaý etmegine ünsi çekdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!