Balkanda “ak kerwen” dabarasy başagaýlyk döretdi, esgerler pagta ýygýar

Balkanda “ak kerwen” dabarasy başagaýlyk döretdi, esgerler pagta ýygýar

Türkmenistanda nobatdaky pagta möwsüminiň resmi taýdan yglan edilmegi bilen, sebitlerde “ak kerwen” dabaralaryna badalga berilýär. Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar etraplarynda dabara geçirmek üçin bol hasylly gowaça meýdanlaryny tapmak häkimiýetleri başagaý edýär. Bu aralykda, Bereket etrabynda býujet işgärleri, Serdar etrabynda çagyryş boýunça harby gullukçylar pagta ýygmaga mejbur edilýärler.

Döwlet metbugatynyň “ak altyn” kerweni atlandyrýan dabaralarynda üsti pagtaly ýük daşaýjy oba hojalyk tehnikalary kerwen gurap, pagta kabul ediş nokatlaryna pagta daşaýarlar. Ýurtda pagta möwsümine badalga berilmeginiň yz ýany geçirilýän bu çäreler döwlet telewideniýesinde görkezilýär.

Ýöne döwlet telewideniýesi “ak kerweniň” getirýän başagaýlyklaryny hem-de pagta önümçiligindäki mejbury zähmeti agzamaýar.

“Balkan welaýatynyň iki etrabynda “ak kerwen” dabarasyny geçirmek üçin, açylyp oturan iki gektar pagta meýdanyny tapmak uly meselä öwrüldi” diýip, balkanly bir oba hojalyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Döwlet telewideniýesiniň işgärleri “ak kerwen” dabaralaryna gabatlap, ýurduň dürli sebitlerinde gowaça meýdanlarynda öňünden wideoýazgy edýärler. Munuň yz ýany, döwlet teleýaýlymlary patrak ýaly açylyp oturan, hatda köplenç bol hasyldan ýaňa, dökülip oturan gowaça meýdanlaryny görkezýär.

Balkanly oba hojalyk işgäriniň sözlerine görä, Bereket etrabynyň Bereket hem-de Uzynsuw obalarynda häkimiýetler telewideniýede görkeziljek pagta meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak we olaryň ýapraklaryny düşürmek üçin we beýleki işlerde býujet işgärleriniň mejbury zähmetinden peýdalanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şeýle ýagdaýyň Serdar etrabynyň ak kerwene niýetlenen gowaça meýdanlarynda hem gaýtalanandygyny habar berdi.

“Serdar etrabynyň Ýaşlyk we Tutly obalarynda hem Bereket etrabyndaky ýagdaý gaýtalanýar. Haýsy etrabyň gowaça meýdanlary göze ýakymly bolsa, şol etrabyň gowaça meýdanlarynda çäre geçirilýär” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýdýar.

Bu aralykda, ýygym möwsüminiň başlanmagy bilen häkimiýetleriň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmak işleriniň depgini güýçlenýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy awgust aýynyň dowamynda we sentýabryň birinji on günlüginde ýurduň dürli sebitlerinde häkimiýetleriň hususan-da döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýän býujet işgärlerini mejbury pagta ýygmaga ýa-da ýygym üçin özlerine derek hakyna tutma adam tapmaga, munuň üçin edara başlyklaryna pul tölemäge mejbur edýändikleri barada habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Serdar etrabynyň gowaça meýdanlarynda çagyryş boýunça harby gullukçylara mejbury pagta ýygdyrylýandygyny habar berýär.

“Serdar etrabynda ýerleşýän Harby diwiziýanyň esgerleri pagta ýygmaga mejbury çekilýär. Ýygyma gatnaşdyrylýan her bir esger 50 kilogram pagta ýygmaly edildi” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Ýöne onuň sözlerine görä, hasylyň pes bolmagy sebäpli esgerler köplenç gündelik mejbury borçnamanyň hötdesinden gelip bilmeýärler.

“Şu ýyl hasyl pes bolansoň, esgerler gündelik 10 kilogramdan artyk pagta ýygyp bilmeýärler” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýtdy.

Ýerli häkimiýetler “ak kerwen” dabarasy bilen baglylykda diňe bir bol hasylly gowaça meýdanynyň gytçylygyny däl, eýsem, tehnika ýetmezçiliginiň hem üstüni ýaşyrmaga çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp, Balkan welaýatynda geçirilen "ak kerwen" dabaralarynda Ahal welaýatyna degişli oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylandygyny habar berýär.

“Pagta daşaýan ýük ulaglarynyň ätiýaç şaýlary ýetmezçilik edýär. Şol sebäpden, “ak kerwen” dabarasy geçýänçä, wagtlaýyn Ahal welaýatynyň ýük ulaglaryny sorap aldylar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sungat işgärlerinden sebitlerdäki pagta meýdanlarynyň golaýynda sentýabryň ortalarynda teatr sahnalaşdyrmagyň talap edilýändigini habar berdi.

“Galyberse-de, Balkanyň welaýat aşpezleri milli tagamlary, şol sanda goýun etinden we balygyň etinden dürli görnüşli kebaplary taýýarlarlar. Balyklaryň dürli görnüşleri görkeziler. Balykçylygy suratlandyrýan sahnalar görkeziler. Aýdymçylar bolsa hemişekisi ýaly prezidentiň şanyna aýdym aýdarlar, folklor toparlary gazal düzerler” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan pagtaçylyk pudagyny we onuň töweregindäki pagta propagandasyny, şeýle-de pagta önümçiligindäki mejbury zähmeti Sowet Soýuzyndan miras aldy.

Sowet döwründäki “gyzyl kerwen” dabaralary “ak kerwen”, ýa-da “ak altyn” kerweni dabaralaryna öwrüldi.

Halkara hukuk goraýjy toparlar türkmen hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden, şol sanda çaga zähmetinden peýdalanmakda tankyt edýärler.

Birleşen Ştatlary dört ýyl ozal türkmen pagtasynyň hem-de türkmen pagtasyndan ýasalan islendik önümiň ABŞ-a import edilmegine gadaganlyk girizdi. 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Birleşen Ştatlaryň Gümrük gullugy tarapyndan girizilen bu gadagançylyk heniz hem öz güýjünde galýar.

Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 7-nji sentýabrda nobatdaky pagta möwsümine resmi taýdan badalga berildi. Daşoguz welaýatynda ýygym möwsümi 14-nji sentýabrda başlanar.

Bu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNu lgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär
“Ak altyn” kerwenine badalga berildi
Mary: Býujet işgärleri ýatymlyk pagta ýygmaga ugradylýar
Gazagystanda ýokary däne hasylyna garaşýarlar
Mary welaýaty pagta ýygymyna taýýar
Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär