Balkanabat ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durky täzelener

Balkanabat ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durky täzelener

Türkmenhimiýa döwlet konserni tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly 5-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň ýurduň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, suwuk hlory bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, Balkanabat ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň içerki sarp edijilerini himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Balkanabat ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Balkanabat ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durky täzelener
Balkanda güýçli ýagyn ýagdy, sil we suw joşmalary barada habar berilýär
Diňle: 'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy
'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy
Alyp gaçyp, ýa-da gaçyp baryp durmuş gurmak däpleri il arasynda giň ýaýrap barýar ýerli ýaşaýjylar