Balkanabat ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durky täzelener

5-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bu serişdäni bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, “Balkanabat” ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Balkanabat ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Balkanabat ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durky täzelener
Balkanda ýaşaýjylaryň gaz üpjünçiligi gündizlerine öçürilýär
Diňle: 'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy
'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy
Jebelde 12 müň tonnadan gowrak baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy