Balkanabat şäherinde Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi

Balkanabat şäherinde Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki Türkmeniň Ak öýi binasynda guralan Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň dowamynda welaýatyň şäherleridir etraplarynda deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ýaş bagşy-sazandalaryň çeper döredijilik ussatlygy gözden geçirildi.

Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşan 18 — 35 ýaş aralygyndaky bagşy-sazandalar onuň şertlerine laýyklykda, iki bagşy we iki sazanda ýeňijiler diýlip yglan edildi.Has takygy, ýaş bagşylardan Balkan welaýatyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow (Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowyň at dakylan çowlugy-awtor), Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Sahydursun Mätiýewa, sazandalardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Öwezgeldi Gutlyýew, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Dawut Gulbaýew dagy ýeňiji boldular.

Olar Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Aşgabatda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly uşuçylar Gyrgyzystanyň açyk çempionatynda 18 medal gazandylar
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Haly çitimleriniň kämil owazy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary: III möwsümiň VII saýlama oýny geçirildi