Uly Balkan gerşiniň belentligine Balkan welaýatyndaky Arlan dagyna belentlige çalt çykmak skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň şu ýylda geçirilen ikinji tapgyry boldy. Bäsleşikleri Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” we “Mert” alpinist klublary geçirýär.
Ylgaw ugurlary täsin öwrüm-öwrüm ýodajyklar bilen dag eteginden onuň belentligine çenli 850 metrden hem geçýän belentlikleriň çalyşmagynda alty kilometr aralyga uzady. Ýaryşyň pellehanasy deňiz derejesinden bir müň sekiz ýüz metrden gowrak bellikde seýrek arça tokaýlygynyň arasynda ýerleşýärdi.
Ylgawyň ugry gerşiň demirgazyk tarapyndan geçýän bolsa-da tomsuň golaýlap geleni duýulýardy.Türgenler diňe bir öz erkiniň hem-de kert belentlige galýan ýollaryň synagyna däl-de, eýsem aýry-aýry ýerlerde otuz gradusdan hem geçýän yssy howa hem döz gelmeli bolýardylar.